TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
«AHAL» TOPARY TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONATYNYŇ BIRINJI ÝARYMYNYŇ JEMI BOÝUNÇA «ALTYN ASYR» TOPARYNDAN 7 UTUK KÖP TOPLADY
?Ahalyň» futbolçylary çempionlyk ugrunda esasy bäsdeşi «Altyn asyrdan» utuk tapawudyny 7-ä ýetirdiler. «Ahal» topary milli birinjiligiň ikinji aýlawyny jemlän 14-nji tapgyryň jemleýji oýnunda öz meýdançasynda «Aşgabat» toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykansoň şeýle ýagdaý emele geldi. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyndan Elman Tagaýew (29), Hoşgeldi Hojowow (57), Meýlis Diniýew (60) we Ilýa Timurkin (70)-nji minutlarda tapawutlandylar. Olaryň arasynaky birinji aýlawyň duşuşygy he...
HALKARA MALIÝE HOWPSUZLYGY OLIMPIADASYNDA ILDEŞLERIMIZIŇ ÜSTÜNLIGI
Russiýa Federasiýasynyň müdirlikleriniň we ministrlikleriniň – Federal maliýe gözegçilik gullugynyň, Magaryf ministrligi we Ylym hem ýokary bilim ministrliginiň bilelikde guran Halkara maliýe howpsuzlygy Olimpiadasynyň ýeňijileriniň arasynda ildeşlerimizden iki talyp bar. Olimpiadada “Halkara gatnaşyklary” ugry boýunça birinji orun Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Baýnazar Nepesowa berildi. Olimpiad...
ÝAPONIÝANYŇ «MASURI-30» MEDENI GÖZDEN GEÇIRILIŞI AŞGABATDA TAMAMLANDY
Ýubileý senesi – Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenabat we Mary şäherlerinde Ýaponiýanyň «Masuri-30» medeni festiwaly bolup geçdi. Festiwalyň soňky medeni çäreleri 14-nji, 15-nji we 16-njy oktýabrda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirildi. Günüň dogýan ýurdundan gelen myhmanlar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna baryp gördüler, «Aşgabat» kinoteatrynda birnäçe ýapon filmleri görkezil...
TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARASY HALKARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRÝÄR
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynda gol çeken ikitaraplaýyn resminamalarynyň arasynda Gazagystan Respublikasynyň Daşary söwda palatasy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (SSE) arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar. Resminama dostlukly iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýokarlandyrmaga, milli brendleri ilerletmekde tagallalary birleşdirmäge we harytlaryň hem-de hyzmatlaryň daşary ýurt bazarlary...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞENBE ŞÄHERINDE TERRORÇYLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYŇ ÇÄKLERINDE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARYŇ BIRNÄÇESINI GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 17-19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti «Terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň serhetüsti hereketiniň öňüni almak maksady bilen serhetleriň howpsuzlygy boýunça halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli Halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen Duşenbe şäherinde saparda bolýar. 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ýokarda agzalan maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işl...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KATAR DÖWLETINE SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine saparda bolýar. Saparyň çäklerinde 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraiki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňe...
TÜRKMENISTANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI FRANSIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Pariž şäheriniň Ýeliseý köşgünde Ilçi M.Çaryýewiň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň...