RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BRAZILIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI ÝURDUŇ GARAŞSYZLYK GÜNI BILEN GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonarua hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli dostlukly halkyna Braziliýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Žair Bolsonarua berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Braziliýa Federatiw Respub...

DOWAMY
6 Sen

«ÝAŞLARYŇ YLMY WE TEHNIKASY» ŽURNALYNYŇ TÄZE SANYNY TYA-NYŇ SAÝTYNDA OKAP BILERSIŇIZ

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň saýty «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ýylda üç gezek çykýan elektron ylmy žurnalyň 2021-nji ýylda çykan birinji sanyny okyjylaryň dykgatyna hödürledi. Syndan geçirilýän bu döwürleýin neşir aspirantlaryň, ýaş alymlaryň, doktorantlaryň, dalaşgärleriň, ylmy işgärleriň, mugallymlaryň, talyplaryň we ýaş hünärmenleriň ylmyň ileri tutulýan ösüş ugurlary boýunça makalalaryny özünde jemleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlary ylma çekmek, täze alymlar neslin...

DOWAMY
6 Sen

POLIMERLERI GAÝTDAN IŞLEMEK ÜÇIN

Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda öndürilýän sintetiki polimerleri gaýtadan işlemäge gönükdirilen hususy önümçilikleriň birnäçesi bar. S.A.Nyýazow adyndaky etrapda ýerleşýän «Laçyn ganaty» hususy kärhanasy şolaryň biridir. Ol ilatyň tabşyrygy boýunça suw geçirijiler we lagym ulgamlary üçin polietilen hem-de poplipropilen turbalary taýýarlaýar. Bu ýerde oturdylan enjamlar olary taýýarlamagyň ähli tapgyryny awtomatlaşdyrýar. Kärhanada müşderiniň tabşyrygy bilen 110 millimetre çenli dürli ölçegli t...

DOWAMY
6 Sen

BAL TAGAMLY GAWUNLAR ÜLKESI

Ençeme asyr mundan ozal Türkmenistanda ýerli howa şertlerinde bol hasyl berýän, şeýle hem uzak saklanýan we göçe ýaramly gawundyr garpyz görnüşleri döredilipdir. XVII – XIX asyrlarda saýlap-seçmeleriň netijesinde türkmen daýhanlary gawunyň “Waharman”, “Bişek”, “Gök Gülaby”, “Garrygyz” ýaly meşhur, şeýle hem onlarça beýleki görnüşlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Häzirki wagtda dünýä bakjaçylygynda gawunyň 1600-den gowrak görnüşi hasaba alnypdyr, olaryň 400 görnüşi bolsa türkmen gawunydyr. Tohum s...

DOWAMY
6 Sen

KÖNEÜRGENÇ – HOREZMIŇ KALBY

Köneürgenç Daşoguzdan 120 km uzaklykda, Amyderýanyň köne hanasynyň çep kenarynda ýerleşýän binagärlik we medeni toplumdyr. Bir döwürde häzirki şäheriň ýerinde Orta asyr Horezm döwletiniň paýtagty – gadymy Ürgenç ýerleşipdir. Paýtagtyň çäkleri şol döwürde has uly eken. Gadymy Ürgenjiň ömri iki müň ýyldan-da gowrak: gadymy döwürlerden başlap, giçki orta asyrlara çenli dowam edipdir, özi-de XIV asyryň ortalary onuň pajarlap ösen wagty bolupdyr. Şol wagtdan bäri gözelligi we aslynyň gadymylygy bi...

DOWAMY
5 Sen

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WELOSIPEDLI GEZELENJI AMALA AŞYRDY HEM-DE AHALTEKE BEDEWLERI BILEN DIDARLAŞDY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de dynç güni ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Halkyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugrudyr. Milli Liderimiz sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesini jemgyýetde giňden ornaşdyrmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde yglan edip, be...

DOWAMY
5 Sen

WATANYMYZYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMY MYNASYBETLI ÇAGALAR AÝDYM-SAZ BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRYNA GATNAŞYJYLARYŇ KONSERTI

Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýaş artistlere iberen Gutlagy zehinli çagalaryň bäsleşiginiň açylyş dabarasyna aýratyn watançylyk ruhuny çaýdy. Gutlagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow okady. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda...

DOWAMY