SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA AWTSRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE ILÇISI IŞE BAŞLADY
2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler minsitriniň orunbasary W.Hajiýewiň Aşgabada öz ynanç hatlaryny gowşurmaga gelen Awtsriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) jenap Tomas Şuller-Götsburg bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça uzakmöhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga Türkmenistanyň we Awtsriýanyň gy...
BAKUDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI
2022-nji ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Baku şäherinde sapar bilen boldy. 29-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň wise-premýeri Azerbaýjanyň liderine gyzgyn garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berd...
AŞGABATDA TÜRKMEN-AWSTRIÝA IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde guradylar. Şu gezekki duşuşyga gatnaşmak üçin Awstriýanyň maşyngurluşyk, bilim, sanly ulgam we elektron programma üpjünçiligi ulgamlaryna ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan hem-de wekillerinden ybarat bolan wekiliýet paýtagtymyza geldi. Türkmen tarapyndan fo...
TÜRKMEN-KOREÝ HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÖHÜM UGURLARY KESGITLENILDI
29-njy noýabrda ir bilen Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň “Ýonsan” köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly döwletiň Prezidentiniň Diwanynyň protokol gullugynyň ýolbaşçysy mähirli garşylady we bina girmäge çagyrdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy köşgüň duşuşyklar üçin zalyna barýar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ýun Sok Ýol mähirli salamlaşýarlar. Duşuşygyň barşynda iki ý...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, türk tarapyna Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlýut Çawuşogly ýolbaşçylyk etdiler. Ministrler R.Meredow we M.Çawuşogly Türkmenistan bilen Türkiýäniň söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyg...
TÜRKMENISTAN - KOREÝA RESPUBLIKASY: STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRMEKDE PARLAMENT DIPLOMATIÝASYNYŇ TÄZE ÄDIMI
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşdy. Milli Assambleýanyň binasynyň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo we beýleki resmi adamlar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny gül...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TUNIS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saide we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz...