TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmen halkynyň ynsanperwerlik däplerine esaslanyp Türkmenistan şu ýylyň aprelinde ukrain halkyna ynsanperwer kömegini ýollar. Ynsanperwer kömeginiň düzümi derman serişdelerinden we Türkmenistanyň beýleki lukmançylyk senagatynyň önümlerinden hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat (mfa.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we olaryň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz hatynda belledi. Şu mümkinçilikden...
GAZAGYSTANYŇ ILÇISINIŇ TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistana täze belenen Ilçisi Askar Tažibaýew bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow Gazagystanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik wezipesinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi. Şonuň ýaly-da, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmagyň meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we m...
AŞGABAT ŞÄHERINE «ŞÄHERLERDÄKI BAGLAR» ATLY HALKARA GÜWÄNAMANYŇ GELIP GOWUŞMAGY MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara Güwänamanyň gelip gowuşmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de milli haba...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 24-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Prezident Rustam Minnihanow türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny, ähli türkmen halk...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BAÝRAMÇYLYK DABARALARYNA GATNAŞDY
Şu gün eziz Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerimde bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandyryldy. Halkymyzyň ruhy köklerine we özboluşly medeni mirasyna ygrarlydygyny beýan edýän bu ajaýyp baýramçylykda ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri aýratyn orny eýeläp, türkmen halkynyň atlara sarpaly hem-de mähir-alada bilen garaýandygynyň aýdyň subutnamasy bo...