TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
THE CHAIRMAN OF THE CIS EXECUTIVE COMMITTEE WAS AWARDED THE JUBILEE MEDAL "25TH ANNIVERSARY OF THE NEUTRALITY OF TURKMENISTAN"
On January 18, 2022, a meeting was held in Moscow between the Chairman of the CIS Executive Committee Sergey Lebedev and the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of Turkmenistan to the Russian Federation Batyr Niyazliev. The parties discussed the active participation of Turkmenistan in the integration processes in the Commonwealth, exchanged views on promising areas for further development of cooperation. On behalf of President of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov, Batyr Niyaz...
ULAG DIPLOMATIÝASY: ÖSÜŞ STRATEGIÝASY WE GELJEGI
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ürkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan hoşallyk dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary» agentlikleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň we paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri gatnaşdylar. Hoşallyk dabarasynda Türkmen...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETI ÖZBEGISTANA SAPARY AMALA AŞYRDY
2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň başynda S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti G...
TÜRKMEN-ÖZBEK DIMARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
Şu gün, 17-nji ýanwarda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Norow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň depgini barada nygtamak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe gitmeginde ýokary derejedäki ga...
TÜRKMENISTANA OWGANYSTANYŇ WEKILIÝETI SAPAR BILEN GELDI
2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi. 15-nji ýanwarda, Aşgabada saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň arasynda dar düzümdäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda iki doganlyk döwletiň DIM-leriniň ýolba...
TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 11-nji ýanwarda Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary onlaýn duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. R.Meredow duşuşykda çykyş edip, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň Sammitiniň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sammitiň dowamynda eden çyk...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY GEPLEŞIK
Şu gün, 10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geçen ýylyň dekabrynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen, GDA-nyň resmi däl Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegini ara alyp ma...