TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “LUKOÝL” AÇYK PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň işewür toparlarynyň, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “RÖNESANS HOLDING” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi, ähli türkmen halkyny döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesi bilen gutlady hem-de belent halkara abraýa eýe bola...
ERKGALA MERWIŇ IŇ GADYMY GALASYDYR
Gadymy Merw ady bilen tanalýan arheologiýa ýadygärlikleri Marydan 30 kilometr gündogarda, Murgap derýasynyň jülgesinde ummasyz ýerinde ýerleşýär. Binalarynyň köp bölegi ýykylan diwarlary bolan şäherleriň her biri öz döwründe: Erkgala miladydan öňki VI asyrda, Gäwürgala miladynyň III asyrynda, Gyzgala VI, Soltangala XI, Abdylla han gala XV asyrda pajarlap ösüpdir. Erkgala barada tanymal arheolog Wadim Mihaýlowiç Masson: «Soňy bilen Parfiýa Merwiniň daýanjy bolan Erkgala şäheri 16 gektar meý...
TÜRKMENISTANDA EKSPORT WE IMPORT AMALLARY ÜÇIN TASLAMASY DURMUŞA GEÇIRILER
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasy (UNKTAD) bilen bilelikde Türkmenistanda eksport-import amallary üçin «Bir umumy penjire» taslamasyny durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan başlanan bu taslama söwda amallaryny, eksport we import ýüklerini resmileşdirmek hem geçirmek işini ýönekeýleşdirmegi maksat edinýär. Ol «Türkmenistanda ASYCUDA gümrük maglumat ulgamyny ornaşdyrmak» başlangyjynyň dowamydy...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA MASLAHATYNA TAÝÝARLANÝAR
Türkmenistan BMG-niň 31-nji oktýabrdan 12-nji noýabr aralygynda Glazgoda geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna (COP26) gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri tarapyndan daşky gurşawy we howany goramak boýunça taslamalaryny durmuşa geçirmek we goldaw bermek üçin hyzmatdaşlaryň onlaýn duşuşygyny gurnadylar. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşanlar milli derejede kesgitlenýän goşandy (NDC)...
WENADA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY KABUL EDIŞLIK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Awstriýa-Türkmen jemgyýeti hem-de Wenanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň Söwda öýi bilen bilelikde Wena şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan kabul edişlik geçirdi. Dabara hormatly myhman hökmünde Awstriýanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Wenada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Awstriýanyň işewürler toparlarynyň agzalary,...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ ŞANLY SENELERINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GURNALDY
2021-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli tegelek stol gurnaldy. Ilçihananyň binasynda guralan çärä gatnaşmaga Eýranyň “IRNA”, “ISNA”, Fars”, “”Mehr”, “Risalat”, “Hamşähri” we beýlekiler ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 20-den gowrak wekilleri çagyryldy. Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi...