TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, geçirilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleri, gyşky möwsüme we öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatla...
TÜRKMENISTAN — RUSSIÝA: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň ü...
TÜRKMEN TENNISÇILERI DEWIS KUBOGY UGRUNDA BÄSLEŞERLER
Türkmenistanyň tennisçiler ýygyndy topary, Dewis Kubogy ugrundaky ýaryşy Yragyň ýygyndy toparyna garşy oýnamak bilen başlarlar. Ildeşlerimiz Aziýa we Okeaniýa zolagyndaky bu tapgyryň IV toparynda Isa Town (Bahreýn) şäherinde geçiriljek oýunlarda çykyş ederler. Dewis Kubogy ugrundaky Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III bäsleşigine gatnaşmak ugrunda üç topara bölünen 12 bäsdeşler ýygyndysy çykyş edýär: «A» toparynda — Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Guam, Bahreýn; «B» toparynda — Türkme...
«LAÇYN» SEÝILGÄHI – DYNÇ ALYŞA AMATLY ÝER
Çalt depginlerde gurulýan we keşbini özgerdýän Aşgabat häzirki wagtda sebitiň ýaşamaga amatly iri işewürlik merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp açylan täze seýilgäh şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ajaýyp dynç alyş ýeri boldy. Uçup barýan laçyn şekilli «Laçyn» diýlip atlandyrylan täze seýilgäh halkara aeroportunyň golýaynda guruldy. Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň we A. Nyýazow şaýolunyň özgeren bölegindäki ýerasty geçelgeleriň dördüsi bu ýeriň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «DÜNÝÄ SYÝASATYNA HUKUGA BOLAN HORMATYŇ, GEPLEŞIKLER MEDENIÝETINIŇ, YNANYŞMAGYŇ HEM-DE DÖWLETLERIŇ ARASYNDAKY GATNAŞYKLARYŇ KESGITLILIGINIŇ GAÝTARYP GETIRILMEGI DERWAÝYSDYR»
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde eden çykyşynda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň pikirimizçe, ýakyn ýyllarda global proseslerde durnukly orunlaryň gazanylmagy maksady bilen, Arkalaşygyň ykdysady özara hereketleriniň ösdürilmegi, umumy senagat, gor, tehnologiki mümkinçilikleriniň ulanylmagy öňe çykýan meseleleriň hatarynda bolar», diýip belläp geçdi. Şeýle hem Döwlet Baştutany, Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedow, Özbeg...
PREZIDENT GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: «TÜRKMENISTAN DURNUKLY ULAG ULGAMYNDA ÄHMIÝETLI, NETIJELI HEM-DE TAKYK KARARNAMALAR BILEN ÇYKYŞ EDÝÄR»
BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynyň barşynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ulag ulgamynda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda köptaraplaýyn özara hereketleriň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Aşgabat prosesiniň işe girizilmeginiň, türkmen paýtagtynda geçirilen birinji Ählumumy maslahatyň ähmiýetli netijeleriniň biri bolandygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, Ulagyň ösdürilmegi boýunça BMG-niň Ýörite...