TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
В ГЕРАТЕ СОСТОЯЛАСЬ ВСТРЕЧА ПРЕДСТАВИТЕЛЕЙ ТУРКМЕНИСТАНА И АФГАНИСТАНА
В рамках визита Чрезвычайного и Полномочного Посла Туркменистана в Афганистане Х.Овезова в город Герат, состоялись переговоры с представителями Афганистана. Визит начался с переговоров делегаций Туркменистана и Афганистана в расширенном формате. Далее состоялись встречи рабочих групп по разным направлениям сотрудничества. В ходе встречи рабочей группы по границе и безопасности были обсуждены вопросы безопасности туркмено-афганской границы, крупных экономических проектов, реализующихся Турк...
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ BÄŞINJI MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 22-nji noýabrda Komitetiň türkmen böleginiň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Komitetiň hytaý böleginiň başlygy, HKP-nyň MK-niň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞANBE ŞÄHERINDE GEÇIRILEN «ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA» DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Duşanbe şäherinde «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatynda Merkezi Aziýa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini, 2019-njy ýylyň 1...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilişi, welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy, şeýle hem milli senenamamyzyň şanly senelerini baýram...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW KÖPUGURLY IŞEWÜRLIK MERKEZLI “GARAGUM” OTELINIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan täzeçil strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ak mermerli Aşgabat okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin has oňaýly döwrebap şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze täsin binalar we desg...
TÜRKMENISTANYŇ ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKY BILEN ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNA GARALDY
Şu gün, 19-njy noýabrda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Žužanna Hargitainiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy G.Müşşikow hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdylar. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň karz-maliýe edaralarynyň, hususy pudagynyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen alyp...
TÜRKMENISTAN ÝUNESKO-NYŇ HALKARA GIDROLOGIÝA MAKSATNAMASYNYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY
2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş Konferensiýasynyň 41-nji mejlisinde Türkmenistan Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna 2021-2025-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy. Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň maksady gidrologiýa ulgamynda bilimi ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga, bu ugurda häzirkizaman tilsimatlara we çemeleşmelere, şeýle hem ýerýüzüniň suw serişdelerinden rejeli peýdalanma...