RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Noý

PAN GI MUNA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MEDAL GOWŞURYLDY

2021-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli resmi çäre gurnaldy. Çärä goňşy döwletleriň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Ilçileri, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Koreý tarapyndan çärä hormatly myhman hökmünde Global ýaşyl ösüş inistitutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Mun hem-de Koreýanyň Daşary işler ministriniň oru...

DOWAMY
pic
17 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI GDA AGZA ÝURTLARYŇ HOWPSUZLYK GEŇEŞLERINIŇ SEKRETARLARYNYŇ ÝYGNAGYNA GATNAŞDY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow GDA agza ýurtlaryň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň Moskwada geçirilen IX duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşanlar howpsuzlyk, migrasiýa we biotehnologiýany ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. «GDA-nyň 30 ýyllygy bilen baglanyşyklylykda biziň ýurtlarymyzyň ýolbaşçylary Arkalaşygyň esaslandyryş resminamalarynda görkezilen maksat...

DOWAMY
pic
16 Noý

DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ GATNAŞMAGYNDAKY HALKARA ÄHMIÝETLI ÇÄRELERE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Döwlet Baştutanlarynyň sekizinji mejlisine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de şu ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine görülýän taýýarl...

DOWAMY
pic
16 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň milli kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Mejlisiň şu ýylyň 30-njy oktýabrynda geç...

DOWAMY
pic
15 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG-nyň) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Sebileýin direktory hanym Dorit Nitsanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygynyň dowamynda gazanylan ylalaş...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ 8-NJI SAMMITINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) sekizinji mejlisine gatnaşmak üçin Türkiýäniň Stambul şäherine iş sapary bilen ugrady. «Sanly döwürde ýaşyl tehnologiýalar we akylly şäherler» şygary astynda geçýän nobatdaky mejlise Türki geňeşiň agza-döwletleri we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy döwlet bolan Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Baştutanyny Türkiýe Respublikasynyň Preziden...

DOWAMY
pic
12 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝOKARY DEREJEDÄKI STAMBUL SAMMITINIŇ ÇÄKLERINDE IŞJEŇ DUŞUŞYKLARYŇ BIRNÄÇESINI GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik ugur boýunça özara gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegi we hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýygjamlaşdyrylmagy,...

DOWAMY