TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY IŞGÄRLERINIŇ GÜNI BELLENILDI
Şu gün Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Şu gün geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara ylmy maslahat ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrmak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döreden esasy çäreleriň biri boldy. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY IŞGÄRLERINI «TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA» ATLY TÜRKMENISTANYŇ ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA PERMANY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda il-ýurt ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamy hem ýokary derejelere ýetip, onuň ylmy we hukuk esaslary yzygiderli berkidilýär. Keselleriň netijeli öňüni almak, olary bejermek, saglygy goraýyşda gazanylan öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Mähriban Watanymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ýokary depginler...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY IŞGÄRLERINI ÝADYGÄRLIK NYŞANY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA KARARY
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryny ýadygärlik nyşany bilen sylaglamaly: Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Kakabaýewiç Amannepesowy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş...
HALKARA OLIMPIADASYNDA TÜRKMEN TALYPLARYNYŇ ÜSTÜNLIGI
Russiýa Federasiýasynyň Ylym we Ýokary bilim ministrliginiň howandarlygynda geçirilen Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiadasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň -- Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Aýmaral Ýazmyradowa, Döwlet Gurbanow hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Çary Rahmanow ýeňiji boldular. Şu ýylyň 3-9-njy oktýabry aralygynda onlaýn görnüşinde geçirilen halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyryna Russiýanyň, Belarus...
ÖZBEGISTANDA TÜRKMEN KINOSYNYŇ GÜNLERI GEÇIRILDI
Özbegistanda «Ýüpek ýolunyň merjen dänesi» atly XIII Daşkent halkara kinofilm festiwalynyň netijeleri jemlenildi. Şu festiwalyň çäklerinde geçirilen «Dünýä kinofilmleriniň günlerinde» dünýäniň 10-dan gowrak ýurdunyň kinofilmleri görkezildi. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz Han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinofilmleri bu ýere gelen tomaşyçylarda uly täsir galdyrdy. Daşkent kinofilm festiwaly 1968-nji ýyldan bäri ge...
BEREKETLI GÜÝZÜŇ SOWGADY
Daşoguz welaýatynda güýzlük käşir ýygymy tamamlanýar. Bu ekiniň hasylyny ýygmak boýunça göz öňünde tutulan tabşyrygy Görogly etrabynyň daýhanlary üstünlikli ýerine ýetirdiler. Mysal üçin, «Magtymguly» daýhan birleşiginiň ekerançylary ekin meýdanlaryndan 37 tonna käşir ýygdylar. «Zaman», «Durdy Gylyç» we «Aksaraý» daýhan birleşiklerinde bolsa, göz öňünde tutulanyndan-da bol hasyl alyndy. Umuman, sebitde güýzlük käşiriň hasyly 93 tonna barabar bolup, bu meýilleşdirilen görkezijiden ýokarydyr. Bold...
TÜRKMENISTANYŇ POÇTA ARAGATNAŞYGYNYŇ HYZMATLARY WE TARYHY HAKYNDA
Her ýyl 9-njy oktýabrda Bütindünýä poçta birleşiginiň döredilen güni Bütindünýä poçta güni (World Post Day) bellenilýär. Birleşik 1874-nji ýylda Şweýsariýanyň paýtagty Bernde döredildi. Bütindünýä poçta gününi geçirmek barada habar 1969-njy ýylda Tokioda geçirilen BPB-niň Kongresinde yglan edildi. Ol BMG-nyň bütindünýä we halkara günleriniň sanawyna girýär, dünýäde poçta hyzmatyny wagyz etmäge-de hem-de ösdürmäge ýardam etmäge niýetlenendir. Şondan bäri dünýä ýurtlarynyň köpüsinde her ýyl Büt...