TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
24-NJI OKTÝABR- BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ HALKARA GÜNI
1945-nji ýylyň 24-nji oktýabry Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen senesi bolup, bu sene her ýyl guramanyň agzasy bolan ýurtlarda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara güni hökmünde giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu halkara baýramçylyk biziň ýurdumyzda hem bellenilip geçilýär. Bu gurama dünýäde parahatçylygy, erkinligi, azatlygy, döwletleriň biri-birine bolan ynamyny ösdürmek maksady bilen döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda B...
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI DÖWLET SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ýurdumyza döwlet sapary bilen geldi. Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň Ahalteke atçylyk toplumyna bardylar. Ol ýerde döwlet ýolbaşçylary ahalteke bedewlerini synladylar hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Saparyň çäklerinde 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagys...
BMG-NIŇ AZYK WE OBA HOJALYK GURAMASYNYŇ WEKILI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Sebitleýin edarasynyň Direktory Wiorel Gusu bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň FAO bilen özara hereketleriniň esasy ugurlaryna seredilip geçildi. Türkmen tarapynyň Guramanyň işine ýokary baha berýändigi hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşiniň we azyk howpsuzly...
«TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI» BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ 20-NJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň ýigriminji mejlisi göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, energetika, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet,...
TÜRKMENISTANYŇ SSE-NYŇ HEM-DE ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ-GDA-NYŇ/GRUZIÝANYŇ BIRLEŞEN SÖWDA EDARASYNYŇ ARASYNDA IŞEWÜRLIK-FORUMY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň-GDA-nyň/Gruziýanyň Birleşen söwda edarasynyň (BSE) arasynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly işewürlik-forumy guraldy. Türkmen tarapyndan forumyň işine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, şeýle-de...
TÜRKMEN-RUSSIÝA YKDYSADY FORUMY
Şu gün sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çäre bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezide...
ÝURDUMYZ POMIDORYŇ RUSSIÝA EKSPORTYNY IKI ESSE ARTDYRDY
Eziz Diýarymyz ýyladyşhana ýetişdirilýän pomidorynyň Russiýa eksportyny iki esse artdyrdy. «East Fruit» maglumat seljeriş meýdançasynyň bilermenleriniň maglumatyna görä, 2021-nji ýylda Russiýa getirilýän ýyladyşhana pomidorynyň möçberiniň yzygiderli azalýan döwründe Türkmenistanyň bu bazara «girmegi» şu ýyl üçin hakyky täsinlik boldy. 2021-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda Türkmenistan Russiýa eýýäm 32 müň tonna ýyladyşhana pomidoryny eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşd...