RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Okt

KASYM-ŽOMART TOKAÝEW DÖWLET BAŞTUTANYMYZA GAZAGYSTANA TÜRKMEN GAZYNY IBERMEGI TEKLIP ETDI

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçen gepleşiklerde türkmen gazyny Gazagystan bazaryna ibermek meselesine garamagy teklip edipdir. Bu barada Gazagystanyň Baştutany Türkmenistana döwlet saparyndan soň geçirilen gysga metbugat duşuşygynda aýtdy. Tokaýewiň pikiriçe az pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly...

DOWAMY
pic
26 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN ULAG PUDAGYNDA MÖHÜM YLALAŞYKLAR GAZANDY

Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ulag hem tranzit pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Taraplar Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ýolunyň ýüküni doly ýetirmegi bu ugurda esasy wezipe diýip billediler. Şeýle hem, döwlet Baştutanlary nyrh syýasatyny kämilleşdirmegiň we daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmaga itergi bermegi üçin, iki ýurtlarda ýük daşama şertlerini gowulandyrmagyň möhüm...

DOWAMY
pic
26 Okt

TÄHRANDA TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-28-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolýar. Saparyň çäklerinde, 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi tarapyndan kabul edildi. Gepleşikleriň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident...

DOWAMY
pic
26 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY EÝRANYŇ NEBIT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda EYR-na saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Owji bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtamak bilen, taraplaryň bu ugurdaky ähmiýetli başlangyçlarynyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerinde yzygiderli goldanylýandygyna kanagatlanma bildirdiler. Ýurtl...

DOWAMY
pic
26 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Şawkat...

DOWAMY
pic
26 Okt

«TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY» – HALKARA SEMINARYŇ ESASY TEMASY

Energetika diplomatiýasynyň strategiýalaryny işläp taýýarlamakda we ilerletmekde öňdebaryjy halkara tejribesi – 2021-nji ýylyň 21-22-nji oktýabrynda ÝHHG-nyň guran onlaýn-seminarynyň üns merkezinde boldy. Seminara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Russiýa Federasiýasyndan halkara bil...

DOWAMY
pic
25 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Saparynyň birinji güni Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde Döwlet ýolbaşçylary naýbaşy ahalteke bedewlerine syn etdiler. Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlaryna tomaşa et...

DOWAMY