RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Sen

TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNY GIŇDEN BELLÄP GEÇDI

Türkmen halky Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bitewilik we jebislik ruhunda özboluşly joşgun bilen garşylady. Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýubileý ýyly Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy senenamasyna täze şöhratly sahypalary girizdi.      27-nji sentýabrda ýurduň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda gurlup, ulanylmaga berlen Döwlet Münberiniň toplumynda geçirilen baýramçylyk ýörişi Watanymyzyň garaş...

DOWAMY
pic
29 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «GARAŞSYZLYK - BAGTYMYZ» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, mugallymlar we talyplar, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş...

DOWAMY
pic
29 Sen

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ «ТРАНСМАШХОЛДИНГ» PJ TÜRKMENISTANA TÄZE OTLYLARYŇ IKISINI IBERDI

?Трансмашхолдинг» PJ-niň demir ýol ulaglary operatory Türkmenistanyň «Demirýollary» AGPJ-ne ýolagçy we ýük teplowozlaryny ugratdy. Bu barada Russiýanyň kärhanasyna salgylanyp, Russiýanyň «Прайм» ykdysady maglumatlar agentligi habar berýär. «Demirýollary» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Трансмашхолдинг» PJ-den (ТМХ) ТЭП70БС kysymly ýolagçy we 2ТЭ25КМ kysymly magistral ýük teplowozlaryny satyn aldy. Olar Aşgabat deposyna iberildi» — diýip holdingiň daşary gatnaşyklar we korporatiw kommunikas...

DOWAMY
pic
29 Sen

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GYZYL ÝARYMAÝ JEMGYÝETI BILEN ÝUNISEF-IŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE BASGANÇAGY

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk barada täze şertnama gol çekdi. Bu hyzmatdaşlygyň maksady çagalar üçin ýurtda howpsuz we arassa daşky gurşawy, ýeterlik bilimi, saglygy goraýşy, iýmitlenişi we SAG-ni (suw, arassaçylyk we gigiena) goldamak üçin Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň we ÝUNISEF-iň tehniki tejribesini, mümkinçiliklerini hem gorlaryny birleşdirmekdir....

DOWAMY
pic
29 Sen

ANJAN AMANOW. RAÝATLYK UÇARÇYLYGYNYŇ ILKINJI TÜRKMEN UÇARMANY

Hazar ýakasyndaky kiçeňräk Garşy şäherçesi diňe bir şypaly suwlary bilen meşhur däldir. Bu ýerde geçen asyryň başlarynda adaty balykçy maşgalasynda ýurdumyzyň raýatlyk uçarçylygynyň ilkinji uçarmany Anjan Amanow dünýä gelip, şu ýerde-de önüp-ösüpdir. Göräýmäge, kakasy balykçy, ýakyn garyndaşlary, goňşulary, dostlary ‒ hemmesiniň bagry deňiz bilen badaşan, şonuň üçin onuňam ykbalyna Hazar bilen baglanyşykly käri saýlap almak ýazylaýjak ýalydy.  1929-njy ýylda internatda okuwyny tamamlandan soň...

DOWAMY
pic
29 Sen

TOPRAGY MES ABIWERD

Abiwerd Demirgazyk Horasanyň esasy merkezleriniň biri bolupdyr. Şäheri ilat diňe bir beýik gallary bilen däl, eýsem çuň garym bilenem göçegçileriň hüjüminden gorapdyr. Arheolog Ýegen Atagarryýewiň pikirine görä, Merwden Nusaýa we Horezmden Persiýa gidýän söwda ýolunyň çatrygynda ýerleşmegi şäheriň ösmegine ýardam edipdir. Galyberse-de, Abiwerdiň çöle golýa bolmagy oňa senetçilik önümlerini satyp, maldarçylyk önümlerini-de satyn almagyna ýardam edipdir. Arap we pars orta asyrlar awtorlaryny...

DOWAMY
pic
29 Sen

4-NJI OKTÝABRDA MERKEZI AZIÝA ON BIRINJI HALKARA SÖWDA FORUMY BAŞLANÝAR

4-nji oktýabrda her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa on birinji halkara söwda forumy öz işine başlar. Şu ýyl çäre «Pandemiýadan soň sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly dikeldiş» ady bilen geçiriler. Duşuşygy onlaýn düzgünde USAID Agentligi guraýar. Bäş iş gününe niýetlenen forumda mejlisleriň onusy we iki tegelek stol geçirilip, ol 8-nji oktýabrda tamamlanar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan duşuşygy ABŞ-nyň Gazagystandaky Ilçihanasynyň ý...

DOWAMY