TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK SPORT TOPLUMYNDA BAÝRAMÇYLYK DABARALARY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan at çapyşyklar guraldy. Baýramçylyk dabaralaryna Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň...
ŞANLY SENE MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARALARY
Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti gurnaldy. Soňra paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi. Baýramçylyk güni Türkmenistanyň Döwlet Münberiniň toplumynda geçirilen medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, dronlaryň görkezme çykyşy, baýramçylyk feýerwerkleriniň atylmagy bilen tamamlandy. Şanly sene mynasybetli baýramçylyk dabaralary (mfa.g...
BÜTINDÜNÝÄ SYÝAHATÇYLYK GÜNI 2021: INKLÝUZIW ÖSÜŞ UGRUNDA SYHAÝATÇYLYK
27-nji sentýabrda Bütindünýä syýahatçylyk güni bellenilýär. Ol 1980-nji ýylda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (United Nations World Tourism Organization; UNWTO) assambleýasynda medeni tejribe alyşmagyň, halkara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, şeýle hem ykdysadyýete möhüm goşant goşýan ugruň kuwwatly guraly hökmünde syýahatçylyga dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek maksady bilen döredildi. 27-nji sentýabryň saýlanylmagy tötänden däldir – 1970-nji ýylda Bütindünýä syýahatçylyk guramasy öz D...
TARYH WE TÜRKMEN HALKYNYŇ DÖWLET BARADAKY ARZUWY
Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna Gadam Kakabaýewiň adybir drama eseri esasynda “Türkmeniň ýoly” oýnuny sahnada goýdy. Gyzykly bir hakykat: ýazyjy Türkmenistanyň garaşsyzlygy bilen ýaşyt, olam 30 ýaşynda. Ähtimal, birnäçe türkmen nesliniň durmuşy beýan edilen golýazmalar bilen işläp, gijelerini ukusyz geçirýän ýazyjynyň iş otagynyň bu oýnuň başlangyjy hökmünde saýlanmagy-da hut şonuň üçindir. Oýun birek-birege watançylyk ugry...
NUR-SULTANDA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ BAÝRAMY BELLENILDI
2021-nji sentýabryň 26-syndan 27-sine geçilen gije EKSPO-2017 – Nur-Sultan şäheriniň Halkara ýörite sergisiniň binasyna Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzyň Döwlet baýdagynyň şekili ýerleşdirildi. Bu waka halkymyz üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy we ýurdumyz bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany boldy. Nur-Sultanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýramy bellenildi (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYK ÝUBILEÝINE BAGYŞLANAN ÇÄRELER
2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda türkmen halky döwletimiziň baş baýramlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçýär. Baýramçylyk güni Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de gül goýmak dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow, ýurdumyzda işleýän diplomatik weki...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZDAKY SEBITDE IRI KÖPUGURLY TOPLUMYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat, “Aşgabat” diýlip atlandyrylan binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz bu çärä gatnaşmak üçin Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasyndan ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligini artdyrýan täze desganyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady. Toplumyň öňündäki owadan...