TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Myhman Sankt-Peterburgyň ýaşaýjylarynyň hem-de hökümetiniň adyndan milli Liderimizi şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanyň özygtyýarly...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ÇALYK HOLDING” KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi şanly sene — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisi bilen mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we alyp barýan köp taraply işlerinde täze, uly üstünlikleri hem-de türkmen halkyna aba...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “BOUYGUES” FRANSUZ KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň baştutany Marten Buigi kabul etdi. Işewür milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny uly baýram — Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly senesi, şeýle hem ýakynda geçirilen möhüm waka — Halk Maslahatynyň mejlisi bilen mähirli gutlap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilme...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ DUŞUŞYGY
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi. Milli Liderimiz myhman bilen mähirli salamlaşyp, kärdeşine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliý...
ÝURDUMYZYŇ WE JEMGYÝETIMIZIŇ ÖSÜŞINE GOŞANT GOŞANLARA WATANYŇ SYLAGLARY
Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleriniň işgärlerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ata Wat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GOL ÇEKEN RESMINAMALARY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen netijeli öňüni alyş çärelerini amala aşyrmak hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraý...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
Şu gün, 26-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär. Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşar....