RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Sen

ÝARYM ASYRDAN SOŇ: «MAGTYMGULY» FILMINDE MEŇLINIŇ KEŞBINI DÖREDEN ZENAN BARADA

2008-nji ýylda paýtagtymyzda «Nejmeddin Kubra we Gündogaryň ruhy-medeni dünýäsi» atly Halkara maslahat geçirildi. Oňa türkmen alymlary bilen birlikde tutuş dünýäden türkmen medeniýetiniň gözbaşyny öwrenýän alymlar gatnaşdylar. Pakistandan foruma gatnaşan Ahtar Jamal türkmen halkynyň medeni mirasy hakda gürrüň edende 1969-njy ýylda režisýor Alty Garlyýewiň «Magtymguly» filminiň özüne güýçli täsir edenligini belledi. Onuň baş gahrymanlarynyň keşbini döreden Hommat Müllügiň hem-de Güljan Döwletmyra...

DOWAMY
pic
9 Sen

PEÝDASY ZYÝADA KÜNJI

Türkmenistanyň demirgazygynda köp ýetişdirilýän ekinleriň biri-de künjüdir. Geçen ýyl ol 350 gektar meýdana ekildi. Babadaýhanlar onuň her gektaryndan azyndan 10 sentner hasyl amagy göz öňünde tutýarlar. Bu ýag alynýan ekin gysga döwürde ýetişýär, ony güýzlük galladan we beýleki käbir ekinlerden soň ekin dolanşygynda ulanylýar. Künji ýyly howany halaýar, dökün berilse has gowy ösýär. Ol antioksidantlara, aminokislotalara, beloklara we witaminlere baýdyr, käbir maddalary hat-da zeýtun ýagynyňkyda...

DOWAMY
pic
9 Sen

TÜRKMENISTANLY TALYP «ЕВРАЗИЯ GLOBAL» VI HALKARA ÝAŞLAR FORUMYNYŇ GRANTYNA MYNASYP BOLDY

Düşenbe güni Orenburgda «Евразия Global» VI Halkara ýaşlar forumynyň ýapylyş dabarasynda Russiýanyň Ýaşlaryň işi boýunça federal agentliginiň ýaşlar taslamalarynyň Bütinrussiýa bäsleşiginiň we A.M. Gorçakow adyndaky açyk diplomatiýany goldamak Gaznasynyň grant bäsleşiginiň jemi jemlendi. Foruma jemi 78 teklip geldi, taslamalaryň 34-si bilen bäsleşigiň bilermenleri göni tanyşdyryldy. -Taslamalar açyk goralanda foruma gatnaşan Russiýanyň sebitleriniň 12-siniň wekillerinden 15-si jemi 10 mill...

DOWAMY
pic
9 Sen

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNYŇ ÖŇ ÝANYNDA ÄNEW ŞÄHERINDE TÄZE ÝAŞAÝYŞ JAÝLARY ULANMAGA BERILDI

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda Änew şäherinde Ahal welaýatynyň Döwlet arassaçylyk gullugynyň tabşyrygy boýunça gurlan ýokary amatlykly dört gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi ulanmaga berildi. Dabara Ahal welaýatynyň we Ak bugdaý etrabynyň häkimlikleriniň wekilleri, şäheriň ýaşaýjylary, gurluşykçylar gatnaşdylar. Çykyş edenler paýtagtymyzda ulanmaga berilýän her bir öýüň Prezidentimiziň halk, adamlaryň abadançylygy barada aladasynyň subutnamasydygyny bellediler. B...

DOWAMY
pic
8 Sen

GAHRYMAN ARKADAGYMYZ AKÝOL BEHIŞDI BEDEWI BILEN AK ÝOLLARA UZAÝAN TOÝLARA ROWANA BOLDY

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportundaky şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de olaryň başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Şunda milli Liderimiziň ägirt uly hyzmatlary bardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başarypdyrlar, ondan güýç-kuwwat hem ruhubelentlik alypdyrlar. Olar halkymyzyň gündel...

DOWAMY
pic
8 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI ÝURDUŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY BILEN GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ähli täjik halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady hem-de durmuş ugurlarynda gazanan üstünlikleriniň guwandyryjydygyny, şu döwrü...

DOWAMY
pic
8 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KHDR-IŇ BAŞTUTANYNY ÝURDUŇ DÖREDILEN GÜNI BILEN GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna milli baýram — ýurduň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, KHDR-iň Döwlet işleri boýunça Başlygyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de r...

DOWAMY