TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
SPORT — HEMMELER ÜÇIN! SPORT — HER BIR ADAM ÜÇIN!
Aşgabatda maýyplaryň arasynda stol tennisi boýunça birinjilik ugrundaky ýaryş tamamlandy. Oňa fiziki mümkinçiligi çäkli 30 türgen gatnaşdy. «Sport – hemmeler üçin! Sport – her bir adam üçin!» şygary astynda geçen ýaryşlar «Türkmenistanyň maýyplara goldaw merkezi» jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan gurnaldy. Üç derejede çykyş eden erkeklerden hem – 4, aýallardan hem – 4 adam çykan final sportuň bu görnüşiniň janköýerleriniň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Ýaryşa gatnaşýanlaryň arasynda diň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI "ÝAŇLAN, DIÝARYM" TELEBÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERINI SYLAGLADY
ürkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden ýaş aýdymçylar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler. Şunlukda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan — parahatçy...
ÝOLUŇ ROWANA, “AK ALTYN” KERWENI!
8-nji sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenen şu ýylda ýurdumyzda “ak altynyň” bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Häzir oba zähmetkeşleriniň baş wezipesi ýetişdirile...
ÝAŞ ZEHINLERIŇ AÝDYMLARY WATANYMYZYŇ ŞANYNA BELENTDEN ÝAŇLANÝAR “ÝAŇLAN, DIÝARYM!” TELEBÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY
Şu gün paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Däp bolşy ýaly, bu bäsleşik ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanyp geçirilýär. Her ýyl bu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň aýdyň hem-de köpöwüşginli zehinleriniň gözden geçirilişi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleş...
TÜRKMENISTAN BAÝRAMA TAÝÝARLANÝAR
Türkmen halkynyň dabaraly ýagdaýda ýurt Garaşsyzlygynyň baýramyny bellejek pursadyna sanlyja gün galdy. Bu gün Türkmenistan öz milli baş başýramyny pugta binýatly, ýeterlik ykdysady we ynsanperwer mümkinçilikli, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli pudaklarynda uly möçberli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýan, bäsdeşlige ukyply döwrebap döwlet hökmünde garşylaýar. Türkmenistan öz ösüş ýoluna juda agyr ykdysady we durmuş şertlerinde başlapdy, SSSR-iň düzüminde ençeme ýyl bolan ýurduň ykdysadyýet...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN BOÝUNÇA MINISTRLERIŇ KÖPTARAPLAÝYN DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Owganystan boýunça ministrleriň köptaraplaýyn duşuşygy wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu ýurtdaky häzirki ýagdaýlar nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy. ABŞ-nyň we GFR-nyň daşary syýasat edaralary tarapyndan öňe sürlen wirtual söhbetdeşlige şonuň ýaly-da dünýäniň 20-den gowrak döwletleriniň DIM-leriniň ýolbaşçylary, BMG-niň, ÝB-niň hem-de NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Gepleşikleriň esasy temasyna salgylanmak arkaly, gatnaşyj...
OWGANYSTANYŇ GOŇŞY DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen guraldy. Geňeşmelere şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew türkmen tarapynyň goňşy ýurtdaky we t...