RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Mar

AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMAN SEBITINDE DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEK: MILLI TEJRIBELER WE GOŞULYŞMA

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri wideoaragatnaşygy arkaly Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) howandarlygynda Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça VIII foruma gatnaşdylar. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary R.Nurýagdyýew,  şeýle hem ministrligiň käbir müdirlikleriniň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.  Her ýyl geçirilýän hökümetara forum  A...

DOWAMY
pic
22 Mar

NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ GYMMATLYKLARY HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÝÖRELGELERI BILEN SAZLAŞÝAR

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary halkara ähmiýetli Nowruz baýramyň şanyna ýörite çäreleri guradylar. 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assembleýasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan edipdi. Şeýle-de bu baýramçylygyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Nowruz baýramy mynasybetli Türk medeniýetiniň we mirasynyň Halkara Gaznasynyň...

DOWAMY
pic
20 Mar

TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY HORMATLAÝAR WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNA YMTYLÝAR

2021-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ählihalk bag ekmek dabarasy giň gerimde geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň degişli Re...

DOWAMY
pic
19 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Ýurdumyzyň ilatynyň Milli bahar baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin: 1. 2021-nji ýylyň 21-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta — sişenbe gününe geçirmeli. 2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we gurama...

DOWAMY
pic
18 Mar

TÜRKMENISTANYŇ KAZANDAKY BAŞ KONSULY WE NABEREŽNYÝE ÇELNYNYŇ MUGALLYMÇYLYK UNIWERSITETINIŇ REKTORY HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARYNA GARADYLAR

Naberežnyýe Çelny şäherinde (RF-iň Tatarystan Respublikasy) Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň Naberežnyý Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň (NÇDMU) rektory Alfinur Galiakberowa bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar akademiki alyşmalar we ylmy-usulýet işinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň, şeýle hem dürli, şol sanda onlaýn-görnüşde bilelikdäki çäreleri guramagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Naberežnyýe Çelny...

DOWAMY
pic
18 Mar

ÝAPONIÝANYŇ «KAWASAKI HEAVY INDUSTRIES, LTD.» KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti T.Watanabe bilen Türkmenistanyň Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniň başlygy B.Amanowyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiki taýdan arassa sintetiki...

DOWAMY
pic
18 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Ministrler syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylda ýokary derejeli saparlary guramaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasy edaralary...

DOWAMY