TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan ýokary netijelerini dünýä ýaýmaga, sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny hem-de halkara ýaryşlarda gazanan ýokary üstünliklerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan: — Türkme...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR
Şu gün degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri awiasiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB) wekilleri bilen onlaýn maslahata gatnaşdylar. Maslahat “Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk” (MASYH) Maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşly...
ONLAÝN-DUŞUŞYKDA TÜRKMENISTANYŇ KAZANDAKY SÖWDA ÖÝÜNIŇ IŞINIŇ UGURLARYNA GARALDY
10-njy martda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Türkmensöwda» Döwlet kärhanasynyň wekilleriniň «Торгово-технический дом Татнефть» JÇJ-niň wekilleri bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) Baş konsuly Atadurdy Baýramow gatnaşdy. Gepleşikleriň gün tertibine Tatarystanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Söwda öýüni döretmegiň jemleýji tapgyrynyň dürli ugurlarynyň meseleleri girizildi, onuň işi ýurdumyzyň kärh...
DALAŞGÄRLERIŇ HALK MASLAHATLARYNYŇ AGZALARY BILEN DUŞUŞYKLARY BAŞLANDY
Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça işler meýilnama laýyklykda dowam edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna agzalyga bellige alnan dalaşgärler saýlawçylar — welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşyk ýygnaklaryna başladylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentiň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda belleýşi ýaly, öňde duran saýlawl...
TÜRKMENISTAN BILEN GÜNORTA AFRIKA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Günorta Afrika Respublikasynyň Halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri hanym Naledi Pandor bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini belläp geçmek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary dipl...
TÜRKMENISTAN HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN NETIJELI HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYR
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktory Gaý Raýder bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Global pandemiýanyň dünýäde durmuş-ykdysady ýagdaýlara edýän täsiri we sebit hem-de halkara derejelerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli derejedäki h...
PAÝTAGTYMYZYŇ OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE ÝURDUMYZYŇ TÜRGENLERINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 10-njy martynda paýtagtyň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan halkara we milli ýaryşlarda ýokary netijeler gazanan ýurduň türgenlerine döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowa ýurduň tapaw...