TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ BAŞARJAŇ TÜRGENINE BAÝRAKLARY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň öňdebaryjy türgenlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýurdumyzyň tälimçileri we öňdebaryjy türgenleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurb...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ARETI” HALKARA KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Şu ýylyň 13-17-nji oktýabrynda geçiriljek welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşlary Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bi...
AŞGABADA -- 140 ÝYL: PAÝTAGTY ÖSDÜRMEGIŇ INNOWASION UGRY
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Ak mermerli ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilbaglary we seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen häzirki döwrüň Aşgabady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi bolup, Türkmenistanyň dünýä derejesinde belent a...
HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI GURALAN DABARALAR
Şu gün ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni dabaralandyryldy. Milli ýörelgelere laýyklykda geçirilýän bu baýram döwletimizde gelin-gyzlara bolan mähirli gatnaşyklary äşgär edýär. Täze taryhy eýýamyň zähmetsöýer zenanlary milli ruhy gymmatlyklary hem-de halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk däp-dessurlaryny döwrebap derejede dowam etdirmek bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalara işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet häkimiýet we dolandyryş edara...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTII TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we doganlyk türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, türk tarapynyň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän däp bolan dostlukly gatnaşyk...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 5-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Aşgabada iki günlük iş sapary bilen geldi. 6-njy martda saparynyň çäklerinde Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Soňra Türkiýe Respublikasynyň Daşary işle...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YHG-NIŇ ÇÄKLERINDE ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEGIŇ DERWAÝYSLYGYNY NYGTADY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-niň 14-nji Sammitinde eden çykyşynda energetika meselelerine hem aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutany: «YHG-niň giňişliginde energetika ugurlaryny döretmekligi, biziň döwletlerimiziň gatnaşmagynda energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermekligi hem möhüm wezipe hökmünde seredýäris» - diýip nygtady. Ol häzirki wagtda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurý...