TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
MILLI SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ KUWWATYNY ARTDYRMAGYŇ WEZIPELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak, arassaçylyk –epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny Mer...
SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY MINISTRLIGINDE NEMES BILERMENLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Essen uniwersitet klinikasynyň (Germaniýa) Infeksiologiýa Ylmy-barlag merkeziniň müdiri professor, doktor A.Krawçik bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, “Türkmendermansenagat” Birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky döwlet l...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZYŇ TÄZE DESGALARYNYŇ GURLUŞYKLARYNDA IŞLERIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Bütin dünýä meşhur bu kompaniýanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen iri möçberli gurluşyk taslamalarynyň ençemesine işjeň...
ТУРКМЕНИСТАН И ФРАНЦИЯ: ПО ПУТИ РАЗВИТИЯ ДРУЖБЫ И ВЗАИМОВЫГОДНОГО СОТРУДНИЧЕСТВА
18 января 2021 года Президент Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов осуществил рабочую поездку по столице Туркменистана, в ходе которой ознакомился с положением дел на возводимых в Ашхабаде объектах административного и социального назначения. Важно отметить, что Туркменистан на протяжении многих лет эффективно сотрудничает с компанией «Bouygues Batiment International», которая внесла свою весомую лепту в создание нового архитектурного облика Туркменистана путем сооружения различных объектов...
TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝADA «SPUTNIK V» SANJYMYNY BELLIGE ALAN ILKINJI DÖWLET BOLDY
2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Göni maýa goýumlaryň rus gaznasynyň (GMRG) baş direktory Kirill Dmitriýew «Türkmenistan Merkezi Aziýada «Sputnik V» sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan makullan ilkinji ýurt boldy. Hyzmatdaşlarymyz sanjymyň howpsuzlygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler, çünki ol bu günki günde koronawirusa garşy göreşmegiň dünýä derejesi...
TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILLERI LAPIS LAZULI GEÇELGESI BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK ETMEGIŇ “ÝOL KARTASYNY” YLALAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň pudagara toparynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşinde üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu topar ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek arkaly Lapis Lazuli geçelgesini işjeňleşdirmek maksady bilen döredildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa boýunça orunbasary Baýramgeldi Öwezow, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Abdulla ogly Must...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ METBUGAT BRIFINGI BARADAKY PRESS-RELIZ
2021-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň üç infrastruktura desgalaryny - “Akina – Andhoý” beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň açylyş, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we üstaşyr akymlary hem-de Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiri...