RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Ýurdumyzyň ilatynyň Milli bahar baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin: 1. 2021-nji ýylyň 21-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta — sişenbe gününe geçirmeli. 2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we gurama...

DOWAMY
pic
18 Mar

TÜRKMENISTANYŇ KAZANDAKY BAŞ KONSULY WE NABEREŽNYÝE ÇELNYNYŇ MUGALLYMÇYLYK UNIWERSITETINIŇ REKTORY HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARYNA GARADYLAR

Naberežnyýe Çelny şäherinde (RF-iň Tatarystan Respublikasy) Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň Naberežnyý Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň (NÇDMU) rektory Alfinur Galiakberowa bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar akademiki alyşmalar we ylmy-usulýet işinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň, şeýle hem dürli, şol sanda onlaýn-görnüşde bilelikdäki çäreleri guramagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Naberežnyýe Çelny...

DOWAMY
pic
18 Mar

ÝAPONIÝANYŇ «KAWASAKI HEAVY INDUSTRIES, LTD.» KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti T.Watanabe bilen Türkmenistanyň Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniň başlygy B.Amanowyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiki taýdan arassa sintetiki...

DOWAMY
pic
18 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Ministrler syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylda ýokary derejeli saparlary guramaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasy edaralary...

DOWAMY
pic
18 Mar

OWGANYSTANYŇ MARY ŞÄHERINDÄKI TÄZE BAŞ KONSULYNA EKZEKWATURA GOWŞURYLDY

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzyň Mary şäherindäki täze Baş konsuly Nuriddin Rahmani bilen duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň başynda Owganystanyň Baş konsuly özüniň konsullyk patentini gowşurdy we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy tarapyndan oňa konsullyk ekzekwaturasy berildi. Taraplar dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna hem-de ösüş mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Ik...

DOWAMY
pic
17 Mar

AŞGABATDA BMG-NYŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA MASLAHATYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde Aşgabatda BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçiriljek ýokary derejeli  (cop26) maslahatyna bagyşlanan tegelek stol duşuşygyny gurady. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşyga halkara guramalarynyň we ylmy-barlag institutlarynyň, Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn doland...

DOWAMY
pic
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA «BINAGÄRLIK SUNGATYNYŇ TARYHY WE MEDENIÝETI» ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT ÖZ IŞINE BAŞLADY

2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çäräniň başynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan taýýarlanan sergi bilen tanyşdylar. Göni hem-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen halkara maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow, Gurluşyk we binagärlik min...

DOWAMY