RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Few

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ MEJLISIŇ DEPUTATLARY BILEN DUŞUŞDY

Şu gün Ruhyýet Köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.  Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary bilen...

DOWAMY
pic
25 Few

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGI BILEN ÖZARA HEREKETLERINI GIŇELTMÄGE YGRARLYDYR

2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary (UNHCR) Filipppo Grandi bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň oňyn we işjeň tejribesi bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, ynsanperwerlik ugry bu özara hereketleriň möhüm bölegini emele getirýändir.  Türkm...

DOWAMY
pic
25 Few

TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewe Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi.      Gaz...

DOWAMY
pic
25 Few

2021-NJI HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNA BAGYŞLANAN «HAZAR DEŇZI SEBITINDE PANDEMIÝA DÖWRÜNDE ULAG WE SÖWDA GATNAŞYKLARYNYŇ DURNUKLYLYGY» TEMA BOÝUNÇA ÇÄRE GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça Komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de 2021-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy» tema boýunça onlaýn görnüşinde çäre geçirildi. Çä...

DOWAMY
pic
24 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AŞGABADYŇ 140 ÝYLLYK BAÝRAMYNA TAÝÝARLYK GÖRMEK HEM-DE ONY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy.  Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary  ...

DOWAMY
pic
24 Few

ANKARADA TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkiýäniň paýtagtynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe üçtaraplaýyn formatynyň çäklerinde Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň, Jeýhun Baýramowyň hem-de Mewlüt Çawuşoglunyň duşuşygy geçirildi. Taraplar ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag-logistika ulgamlarynda, şeýle-de ýokary tehnologiýalar ugrunda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Diplomatlar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuş...

DOWAMY
pic
23 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET ANKARADA BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Ankara şäherine iş sapary bilen gitdi. Şu gün, 23-nji fewralda saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. Şol gün Ankarada Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow...

DOWAMY