TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem “Migrasiýa hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi. Daşary işler ministrligine, Döwlet migrasiýa...
RESMI HABAR
Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, şeýle hem “Türkmenistanyň raýatlygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bo...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň „Ruhyýet” köşgünde Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň meselelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin baýramçylyk mejlisini geçirdi. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň beýleki döwletlerde işleýän ilçileri çagyryldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýüre...
WATANYMYZYŇ ŞANLY BITARAPLYGYNYŇ HORMATYNA BAÝRAMÇYLYK DABARALARY
Şu gün, Halkara Bitaraplyk gününiň öňýanynda paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyz boýunça ajaýyp senä – Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan birnäçe dabaraly çäreler geçirildi. Günüň birinji ýarymynda Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Watanymyzyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylar buýsanç we aýdyň tolg...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene – Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, Özbegistanda sebitde durnuklylygy pugtalandyrmagyň hem-de durnukly ösüşi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTAN – BITARAPLYGYŇ MEKANY” ATLY TÄZE KITABY ÇAPDAN ÇYKDY
2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitabyň çap edilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe özboluşly sowgat boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, çäräni açmak bilen, döwlet baştutanymyzyň täz...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASY UGRY ÜSTÜNLIKLI AMALA AŞYRYLÝAR
Türkmenistanyň paýtagtynda we sebitlerinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wajyp çäreler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, dekabr aýynyň başynda hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi öz işine başlady. Şu gün sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň güni bilen dabaralandyryldy. Günüň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň daşary syýasy işinde ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän dürli ugu...