TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
JEMGYÝETI DEMOKRATIÝALAŞDYRMAK UGRUNA EÝERIP
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň gatnaşmagynda häzirki zaman şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şonuň ýaly-da demokratiýanyň esaslaryny berkitmekde zenanlaryň ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny giňeltmegiň meselelerine bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. “Tegelek st...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: WATANYMYZYŇ TEBIGATYNYŇ GÖZELLIGI − TÜKENIKSIZ BAÝLYK
Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gezelenç etdi. Owunjaklap ýagan gar bu töwerekleri ak lybasa besledi. Halk arasynda «kyrkçille» diýlip atlandyrylýan gyş paslynyň dowam edýän günlerinde sowuk howa bilen ýagyn utgaşykly gelýär. Topraga düşen galyň gar geljek ýylda däneden bol hasyl alynjakdygyny aýdyň edýär. Tejribeli daýhanlaryň belleýişleri ýaly, gyşda ýagan gar toprak üçin möhüm bolup durýar. Diýmek, gök we b...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy. Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde hormatly Pre...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MEDENIÝET ULGAMYNY HEM-DE HABAR BERIŞ SERIŞDELERINI ÖSDÜRMEGIŇ ESASY UGURLARYNY KESGITLEDI
Şu gun hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk görnüşde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilen işler barada hasabatlary diňläp, 2021-nji ýylda, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda bu ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ilki bilen, medeniýet ministri A.Şamyrado...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” KITABYNYŇ FRANSUZ DILINDÄKI NUSGASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň fransuz dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, şeýle-de ylmy işgärler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA ELEKTRIK ENEGIÝANYŇ EKSPORT MÖÇBERINI ARTDYRMAGY DOWAM EDÝÄR
“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek baradaky de...
“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň dördünji sany çapdan çykdy. Žurnal Türkmenistanyň Prezidentiniň 30-njy oktýabrda Seul şäherinde geçirilen Demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara forumyna gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesi bilen açylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara syýasy işjeňigi” bölüminde döwlet Baştutanymyzyň beýlek...