TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE MEDENI-YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR
6-njy noýabrda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Wise-premýer öz çykyşynda «Medeni-ynsanperwerlik ulgamy GDA döwletleriniň we halklarynyň berk we ygtybarly binýady bolmagynda galýar», - diýip belläp geçdi. Bu ugurda türkmen tarapynyň ylym, medeniýet we sport ugry boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam et...
TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ GIŇIŞLIGINDE WE ONUŇ ÇÄGINDEN DAŞARDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ PUGTALANDYRYLMAGYNY GOLDAÝANDYR
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen şu günki mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Öz çykyşynyň dowamynda Wise-premýer Türkmenistanyň anaşyk sebitlere çykmak bilen GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtaladyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenilip düzülen we 2019...
TÜRKMENISTAN GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ GATNAŞMAGYNDA KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄNDIR
Şu gün, 6-njy noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki işleriň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer aýratynlyklaryna seredilip geçildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow assosiirlenen agzasy hökmünde Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň...
GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GÖNI WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Idaýat ogly Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri R.Golowçenko, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri S.Žaparow, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri I.Kiku, Ru...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Şu gün wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hödürlän taslamasyny ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasynyň bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan etmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde instituta degişli pul sylagy gowşuryldy. Ylymlar akademiýasynyň we Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň dowamynda medeni-ynsanperwer ulga...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan wideokonferensiýa görnüşinde guralan maslahat Türkmenistandan hem-de Russiýa Federasiýasyndan bolan alym-syýasatşynaslary, degişli ugurdaky ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny we mugallymlaryny, şeýle hem diplomatlary bir ýere jemledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly...
«CASE NEW HOLLAND» AMERIKAN KOMPANIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda «Case New Holland» amerikan kompaniýasynyň Kawkaz, Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça işewürligiň ösdürilmegi boýunça direktory Stýuart Kempbel bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Suw hojalygy döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow hem-de bu edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy w...