TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Konsullygy sport we baýramçylyk çärelerini gurnady
Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Konsullygy tarapyndan sportuň bilýard we tennis görnüşleri boýunça sport çäreleri gurnaldy. Çärä Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Mazari-Şerip şäherindäki diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň başynda...
Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideorolikler Mazari-Şerip şäherinde ýaýbaňlandyrylýar
Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli görnüşli halkara çäreler yzygider geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem, 2020-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap, Owganystan Yslam Respublikasynyň Balh welaýatynyň Mazari-şerip şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Burj Ghazanfar” işewürlik merkeziniň daşky diwaryndaky uly monitorda Türkmenistanyň baky Bitaraplygyny hem-de ählumumy ösüşlerini...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 10-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Wena şäherindäki Bölüminiň Baş direktory hanym Geda Fathi Wali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary d...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ DAÝHANLARYŇ ZÄHMET ÝEŇŞI HAKYNDA HASABATY KABUL ETDI
Şu gün — ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk wideomaslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň käbir netijeleri jemlenildi. Dabaraly çärä ýurdumyzyň her welaýatyndan çagalar hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň ekerançylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi bar...
2020-NJI ÝYLDA TÜRKMENISTANDA ÝURDUŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI 25 MILLION AGAÇ NAHALLARY EKILER
2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ähli ýerinde saýaly we miweli agaç nahallarynyň, şeýle hem üzümiň 25 million sanysy ekiler. Bu san ýurduň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny şöhlelendirýändir. Agaç nahallarynyň bir bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 7-nji noýabrda geçirilen ählihalk bag ekiş çäresiniň barşynda ekildi. Oňa şeýle-de ýurduň Hökümetiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şol sand...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞYPAHANANYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şypahana toplumy bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýoluň gurlup, ulanylmaga berilmegi we onuň ugrunda belent başly «Saglyk» binasynyň oturdylmagy mynasybetli guralan dabaralar eziz Diýarymyzyň her bir gününiň belent sepg...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyza halkara ölçeglere laýyklykda innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap şypahana kömegini bermegi guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan 200 orunlyk şypahanany netijeli dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,...