TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
GRUZIN ALYMLARY TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNA ONLAÝN-UMUMY SAPAK OKADYLAR
Ynsanperwer ulgamda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny giňeltmek we iki döwletiň ylym-bilim merkezleriniň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin onlaýn-umumy sapaklar tapgyryny gurady. 13-nji oktýabrda Gruziýanyň Söwda-senagat palatasynyň Baş direktory, «Täze ýüpek ýoly» taslamasynda Gruziýanyň Hökümetiniň wekili, Gruziýanyň DIM-niň Lewan Mikeladze adyndaky Diplomatik okuw we barlaglar institutyn...
GDA ÝURTLARYNYŇ MEDENIÝET IŞGÄRLERI TEATR SUNGATYNY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYRLAR
Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, onlaýn görnüşde GDA gatnaşyjy döwletleriň teatr režissýorlarynyň halkara döredijilik duşuşygy geçirildi. GDA gatnaşyjy döwletleriň Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy gaznasynyň (HYHG) ýardam bermeginde guralan wideoforuma Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşçisi, HYHG-nyň müdiriýetiniň bilelikdäki başlygy, GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşinde Russiýa Federasiýasynyň...
TÜRKMENISTAN-HINDISTAN: DOSTLUKLY HALKLARYŇ BÄHBIDINE HYZMATDAŞLYK
Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik bilen baglylykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri şu gün Mejlisde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Widh Pithambaran Nair bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň çäklerinde döwletara ga...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY - TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ AÝRYLMAZ BOLEGIDIR»
Türkmenistan - bu Merkezi Aziýanyň bir döwletidir. Şu gün bu sebit halkara jemgyýetçiliginiň aýratyn ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde dünýänyň köp ýurdunyň geosyýasy we geoykdysady bähbitleri utgaşýandyr. Muňa göz ýetirmek bilen, Türkmenistan, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi we sebitiň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge gönükdirilen hereketlere işjeň gatnaşýar, bu bolsa ählumumy parahatçylyga we ösüşe ýetmekde aýrat...
ÝB-MA-OWGANYSTAN FORMATYNDA GEÇIRILEN DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB-MA-Owganystan formatyndaky mejlis göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Nobatdaky duşuşyga Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mirwaýis Nab, Gazagystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – M.Syzdykow, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň o...
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MERKEZI AZIÝA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda wideo aragatnaşyk arkaly Howanyň üýtgemegi boýunça üçünji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam eder. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet gulluklarynyň, ösüş boýunça halkara agentlikleriniň, maliýe institutlarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de raýat guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu maslahatyň esasy mowzugy – deňeşdirilýän wagt araçäkleriniň dowamynda syn edilýän we howanyň tebigy durnuksyzlygy bilen bagly bol...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, sebitleri we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleri mynasyp derejed...