RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Sen

TÜRKMEN LIDERINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmen döwletiniň garaşsyz ösüşiniň ilkinji günlerinden başlap duldegşir goňşular bolan Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini görkezýärler. Iki ýurduň syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin umumy...

DOWAMY
pic
29 Sen

TÜRKMEN-GERMAN SYÝASY GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň we GFR-yň daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, nemes tarapyna bolsa GFR-iň DIM-niň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtyýarlandyrylan wekili Mihael Zibert ýolbaşçylyk etdi. Gepleşik konstruktiw ýagdaýda geçirildi. Taraplar iki döwletiň içeri syýasy ýagdaýlary boýunça pikir alyşdylar we ikit...

DOWAMY
pic
29 Sen

TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN DURNUKLY ULAG MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SEBITLEÝIN DIALOG GEÇIRILDI

Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly «COVID-19 döwründe SPEKA sebitinde we onuň çäginden daşarda ulaglaryň baglanşyklylygynyň pugtalandyrylmagy» atly Sebitleýin dialog geçirildi. Dialog Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin komissiýalary we ýöriteleşdirilen degişli edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda guraldy. Foruma BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Fekitamoeloa Utoikamana, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Alga...

DOWAMY
pic
28 Sen

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK SPORT TOPLUMYNDA BAÝRAMÇYLYK ÇÄRELERINE GATNAŞDY

Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi. At çapyşyklary halkymyzyň iň söýgüli baýramçylyk däpleriniň biridir. Ol nesilden-nesle geçirilip gelinmegi we nesilleriň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garamagynyň netijesinde häzir hem dowam edýär. Biziň günlerimizde özüne çekiji bu ýaryşlar, elbetde, gadymy döwürler bilen deňeşdireniňdäkiden düýbünden başga ş...

DOWAMY
pic
28 Sen

TÜRKMEN LIDERINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Hindistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň durnukly ösüş, berk hyzmatdaşlyk baglanyşyklary we halklarymyzyň ýakyn aragatnaşygy bilen häsiýetlenýändigini uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Hin...

DOWAMY
pic
28 Sen

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BAŞLANGYJY — DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerini Türkmenistanda parlamentarizmiň we demokratik özgertmeleriň ösüşinde täze tapgyryň başlangyjy diýip atlandyrmak bolar. Ählihalk forumynda döwlet gurluşynyň ösüşini we häsiýetlerini kesgitleýän möhüm çözgütler kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar gir...

DOWAMY
pic
27 Sen

FOTOREPORTAŽ: TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 29 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALAR

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilmegi mynasybetli Aşgabatda harby ýöriş, şeýle hem «Galkynyş» at üstünde milli oýunlar toparynyň, sahna ussatlarynyň, belli aýdymçylaryň we tans toparlarynyň çykyşlary üýtgeşik röwüş beren özboluşly baýramçylyk dabarasy boldy. Baýramçylyk ýörüşine parlamentiň we jemgyýetçiligiň, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň hemmesiniň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynyň, şeýle hem ýurduň sebitleriniň ählisiniň wekilleri gatnaşdylar....

DOWAMY