TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 29 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALAR
Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilik, ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda şanly sene — Garaşsyzlyk güni giňden bellenilýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän şu ýylda bu giň gerimli hem-de şatlykly baýramçylyk biziň ählimiz üçin aýratyn many-mazmuna eýe bolup, hakykatdan-da, taryhy ähmiýetli wakalary özünde jemleýär. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçal...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ARETI” HALKARA KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ýanyndaky hünärmen-bilermeni, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi baş döwlet baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy bilen gutlap, türkmenistanlylaryň ählisine bagt, abadançylyk, ýurdumyzyň öňegidişligiň we gülläp ösüşiň ýoly bilen mundan beý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK ÇÄRESINE GATNAŞDY
Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýram edilýän gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly özgertmeleriň nyşany bolan ajaýyp binalar toplumyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Şu ýylyň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygy bilen has-da şöhratlanýandygy guwançly ýagdaýdyr. Milli Liderimiziň halkymyza G...
TÜRKMENISTANYŇ ŞANLY GARAŞSYZLYGYNYŇ 29 ÝYLLYGY MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRELER
2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanda ýurduň baş baýramçylyklarynyň biri – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni dabaraly bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda däp boýunça Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Şeýle-de gül goýmak dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekil...
TBILISINIŇ TELEDIŇINE TÜRKMEN TUGUNYŇ REŇKINIŇ ÖWÜŞGINI ÇAÝYLDY
26-njy sentýabr agşam Tbilisiniň telewizion diňi Türkmenistanyň Döwlet tugunyň reňkiniň öwüşgini saçdy. Bu dostlukly çäräni Türkmenistanyň Ilçihanasyň ýardam bermeginde Tbilisiniň meriýasy gurady we ol Gruziýanyň halkynyň türkmen halkyna hem-de onuň taryhynyň şanly senesine – ýurdumyzda şu gün bellenilýän Garaşsyzlyk baýramyna hormatynyň nyşany boldy. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14891
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Türkmenistanyň Milli baýramy - Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç-kuwwat berýän hem-de milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler bilen uludan toýlap, möhüm wakalar bilen şöhratlandyrýarys. «Türkmenistan - Bitar...
TÜRKMEN LIDERINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Türkmenistanyň milli baýramy - Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň. Siziň ýurduňyz durmuş-ykdysady taýdan ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Aşgabat Bitaraplyk syýasatyna eýerip, Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge uly goşant goşýar. Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýäris. Dü...