SOŇKY HABARLAR
GDA-NYŇ MEDENI PAÝTAGTY ŞYMKENTDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ONLAÝN SERGI AÇYLDY
2020-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2020-nji ýyldaky medeni paýtagty diýlip yglan edilen Şymkent şäheriniň kitaphanalarynyň resmi web saýtlarynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň "Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany" ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli onlaýn sergi açyldy. Şymkent şäher häkimliginiň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan gurnalan bu onlaýn sergide Türkmenistanyň ajaýyp tebi...
«ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY: HALKARA TEJRIBESI» ATLY ONLAÝN-LEKSIÝA GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde “Energetika diplomatiýasy: halkara tejribesi” atly onlaýn okuw maslahatyny gurnady. Okuw maslahata Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň professory, Energetika diplomatiýasy we geosyýasat merkeziniň prezidenti Stanislaw Žiznin, Russiýa Federasiýasyndan halkara bilermen Rimma Subhankulowa, Serbiýadan halkara bilermen Aleksandr Kowaçewiç, Türkmenistanyň DIM-niň Halkar...
TOKIONYŇ DAŞARY ÝURT DILLERI UNIWERSITETI BILEN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Tokionyň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şyhlyýewiň we Tokionyň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prorektory Jun Matsukumanyň başlyklyk etmeginde geçen duşuşyga iki ýokary okuw jaýynyň mugallymlary...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlap tegelek stol gurnady. Çärä Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ozal işlän Ilçileri – diplomatlar, ylmy işgärler gatnaşdylar. Tegelek stoluň barşynda, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi gatnaşyjylara ýurduň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we onuň halkara we sebitleýin durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny pugtalandyrmakdaky orny, şeýl...
TÜRKMENISTAN BILEN RUMYNIÝANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ ARASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň ýardam etmeginde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Alba-Ýuliýa şäheriniň «1 Dekabr 1918» uniwersitetiniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde tegelek stol geçirildi. Wideokonferensiýa görnüşindäki tegelek stola, Rumyniýanyň Parlamentiniň Senatory we şol bir wagtda Uniwersitetiň rektory Waler Daniel Breaz, bu uniwersitetiň mugallymlar...
TÜRKMENISTAN WE BEÝIK BRITANIÝA SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER
2020-nji ýylyň 13-nji noýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmen-britan söwda-ykdysady mejlisi geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, Suw hojalygy baradaky Döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, britan tarapyndan – Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Nikolson, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Iýerusalim şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Reuwen Riwline Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Rim şäheri) ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyl...