SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇIHANASYNDA “TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGY” ATLY HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Maslahata Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekilleri, Malaýziýada akkreditirlenen Ilçiler, diplomatlar, Malaýziýanyň Strategiki we halkara barlaglar institutynyň dolandyryş müdiri...
TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR HEREKET EDÝÄN DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇ ÝÜK AWTOULAG TIRKEGLERI ÜÇIN ÝYGYMLARYŇ MÖÇBERI KESGITLENILDI
Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri üçin ýurtda hereket edýän umumy ýygymy kesgitlendi. Bu hereketler Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyny (Aşgabat Ylalaşygyny) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Y...
TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY BILEN RUMYNIÝANYŇ DIPLOMATIK INSTITUTYNYŇ ARASYNDAKY TELEKÖPRI ARKALY “TEGELEK STOL” MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň arasynda teleköpri arkaly “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Maslahata iňlis, türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew, Rumyn tarapyndan bolsa Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň direktoryň orunbasa...
TÜRKMENISTANYŇ GYRGYZYSTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY TARAPYNDAN SPORT ÝARYŞY GURALDY
Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Bişkekde Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan mini-futbol boýunça sport ýaryşy guraldy. Ýaryşa bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hem-de diplomatlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçisi sport çäräni açdy hem-de öz çykyşynda Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda sportuň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi we ber...
Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Konsullygy sport we baýramçylyk çärelerini gurnady
Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Konsullygy tarapyndan sportuň bilýard we tennis görnüşleri boýunça sport çäreleri gurnaldy. Çärä Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Mazari-Şerip şäherindäki diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň başynda...
Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideorolikler Mazari-Şerip şäherinde ýaýbaňlandyrylýar
Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli görnüşli halkara çäreler yzygider geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem, 2020-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap, Owganystan Yslam Respublikasynyň Balh welaýatynyň Mazari-şerip şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Burj Ghazanfar” işewürlik merkeziniň daşky diwaryndaky uly monitorda Türkmenistanyň baky Bitaraplygyny hem-de ählumumy ösüşlerini...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 10-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Wena şäherindäki Bölüminiň Baş direktory hanym Geda Fathi Wali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary d...