RSS

SOŇKY HABARLAR

24 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE RUMYNIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» 19-njy ministrler duşuşygynyň işine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobesku bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda L.Odobesku Merkezi Aziýanyň Rumyniýanyň wajyp hyzmatdaşy hökmündäki ornuny nygtady. Bellenilişi ýaly, bu ýurt Merkezi Aziýa sebiti bilen Ýewropa Bileleşigini baglaýjy hökmünde çykyş edýär. Türkmeni...

DOWAMY
24 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE AWSTRIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY BARADA

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrda Merkezi Aziýa-ÝB ministrler duşuşygynyň çäginde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksander Şallenberg bilen iş duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-de hyzmatdaşlygyň we Baş Assambleýanyň kararnamalaryny goldamagyň ähmiýetini belläp, iki ýurduň arasyndaky ga...

DOWAMY
24 Okt

KIPRIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK

23-nji oktýabrda “Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi” ministrler duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombos bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler. Hususan-da, iki ýurtdaky ilçileriň parallel akkreditirlenmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklary pugtalandyrma...

DOWAMY
24 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ KOMISSARY BILEN DUŞUŞYGY

23-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirilen Merkezi Aziýa - ÝB-niň ministrler duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirdi. Esasy üns “Ýewropa Topary” maksatnamasynyň sebitleýin başlangyçlaryna gönükdirildi. Bu çekişmeler energetika we ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada çuň gepleşikler üçin esas döretdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Sö...

DOWAMY
23 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN ÝB-NIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem möhüm taslamalary durmuşa geçirmek boýunça, esasan hem söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag aragatnaşygy, energetika we bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Taraplaryň “Ýewropa Bileleşigi - Mer...

DOWAMY
23 Okt

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI TÄJIGISTANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Goçmyradowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ilçi Täjigistanyň baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň iki doganlyk ýurduň we halkyň özara gyzyklanmalary doly laýyk gelýän däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklaýa...

DOWAMY
20 Okt

“MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY” 16-NJY HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ GÜN TERTIBI BOÝUNÇA PIKIR ALŞYLDY

2023-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşykda, Aşgabatda şu ýylyň 1-nji noýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” 16-njy Hyzmatdaşlyk forumyna taýýar...

DOWAMY