RSS

SOŇKY HABARLAR

19 Okt

PEKINDE TÜRKMEN-HYTAÝ STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda iş saparynyň çäginde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy boldy. Başlyk Si Szinpin Gahryman Arkadagymyza “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi we Hytaýda mübäreklemäge örän şatdygyny belläp, taryhyň dowamynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara, köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan döwl...

DOWAMY
19 Okt

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PEKINDE GEÇIRILÝÄN «BIR GUŞAK, BIR ÝOL» III ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞÝAR

2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy. Giň gerimli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de iri halkara guramalaryň 30-dan köpüsinden wekiller, şol sanda döwlet Baştutanlary, guramalaryň, ministrlikleriň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. HHR-iň Başlygy Si Szinpin foruma...

DOWAMY
19 Okt

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY HHR-IŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ PREMÝERINIŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekine iş saparynyň çäginde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Söhbetdeşler türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. S...

DOWAMY
18 Okt

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY

2023-nji ýylyň 17-nji oktýabryndan başlap türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Bir guşak, bir ýol" üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynda iş sapary bilen bolýar. Saparyň çäginde birnäçe duşuşyklar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek resminamalara gol çekmeklik meýilleşdirilýär. Saparyň birinji gününde Arkadag we maşgalasy, Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy...

DOWAMY
17 Okt

TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Pekinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen gepleşikleri geçirildi. Duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň ugurlarynda hyzmatdaşlygyň çalt depginde ösýändigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, R.Meredow netijeli we hemmetaraplaýyn türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň esasy görkezijisiniň iň ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikler we duşuşyklar bolup durýandygy...

DOWAMY
16 Okt

TÜRKMENISTAN WE “EURONEWS” TELEÝAÝLYMY UZAK MÖHLETLEÝIN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI MAKSAT EDINÝÄR

2023-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Euronews” Ýewropa habar beriş teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşykda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwian Žan Iw Rože soňky on ýylyň dowamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy we onuň çäginde Türkmenistanda bolup geçen möhüm wakalary şöhlelendirmek üçin durmuşa geçirilen bi...

DOWAMY
14 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federas...

DOWAMY