TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Ätiýaçlandyryş ulgamyny düzgünleşdirmegi kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp bilýän ätiýaçlandyryş görnüşleriniň sanawy tassyklanyldy. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14089
RESMI HABAR
Ýurdumyzyň içerki bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny artdyrmak, bahalaryň durnuklylygyna gündelik gözegçiligi amala aşyrmak, azyk önümleriniň eksportyny we importyny kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14089
RESMI HABAR
Türkmenistanyň söwda toplumynyň harytlyk önümlerini birža söwdalary arkaly daşary ýurtlara ýerlemegiň tertibini has-da kämilleşdirmek, harytlaryň eksportyny artdyrmak we oňa gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň söwda toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Türkmenistanyň söwda toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek bo...
OWGANYSTANYŇ AKINA ŞÄHERÇESINDE KÖPÇÜLIKLEÝIN BAG EKMEK ÇÄRESI GEÇIRILDI
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de Halkara Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistan tarapyndan gurulýan, Owganystanyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesindäki 500 orunlyk metjidiň ýanynda hem-de Magtymguly Pyragynyň barelýefiniň daş-töwereginde bag ekmek çäresi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Mazary-Şerip şäherindäki Konsullygynyň işgärleri, ýerli türkmen diasporasynyň wekilleri, Akina şäherçesiniň häkimi, OYR-nyň...
СОВМЕСТНОЕ ПРЕДПРИЯТИЕ «MAWY KENAR»: ЭКОЛОГИЧЕСКИЕ ИННОВАЦИИ
Совместное предприятие «Mawy Kenar», специализирующееся на очистке почвы от нефтяных загрязнений, ведет работы на туркменском побережье Каспия, в районе города Хазар. СП учреждено компаниями «Gazyk», «Hazar Balyk» и канадской «Benel Technical Services». На проходившей 17-18 марта в Ашхабаде выставке достижений частного сектора экономики член Союза промышленников и предпринимателей Туркменистана –совместное предприятие «Mawy Kenar» – представило инновационный проект в области экологии и нефтег...
TÜRKMENISTANDA GOWAÇA EKIŞI BAŞLANDY
Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji martda geçirilen mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 25-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bolsa 29-njy martda bu işe başlarlar. Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulularyň ak pata bermeginde girişildi. Beýik Biribardan abadançylyk, mäh...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NEBITGAZ PUDAGYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, dünýäde bar bolan häzirki çyl...