RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Mar

TÜRKMENISTAN ÖZ RAÝATLARYNY BEÝLEKI ÝURTLARDAN GETIRMEK BOÝUNÇA IŞJEŇ IŞLERI DOWAM EDÝÄR

Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagy sebäpli dörän dartgynly ýagdaý bilen baglylykda türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlardan ýurdumyza gaýdyp gelmegini guramak boýunça işleri dowam edýär. Türkmenistan 2019-njy ýylyň dekabrynda täze ýokanç kesel tiz ýaýrap ugran Hytaýdan öz raýatlaryny getirmegi guran ýurtlaryň ilkinjileriniň biri boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen «Türkmenhowaýollary» Agentligi Hytaýa ýörite çarter uçar gatnawlaryny gurap, türkmenistan...

DOWAMY
pic
24 Mar

TÜRKMENISTAN OBA HOJALYK PUDAGYNYŇ MADDY-ENJAMLAÝYN BINÝADYNY BERKIDÝÄR

Ýazky gowaça ekişiniň ýakynlaşyp gelýän şu günlerinde ýurdumyza dünýä belli kompaniýalaryň oba hojalyk tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýakynda geçiren mejlisinde oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň öňünde ýazky ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, tehnikalardan doly güýjünde netijeli peýdalanmak babatda möhüm wezipeleri öňde goýdy. Şol wezipeleri ýokary hilli hem-de bellenen m...

DOWAMY
pic
24 Mar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SÖWDANY WE TELEKEÇILIGI ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowyň hem-de bu topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge degişli wezipeler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly me...

DOWAMY
pic
24 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ OWGANYSTANYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

Şu gün, 24-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy, onuň barşynda türkmen Lideri özüniň owgan kärdeşini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini nygtamak bilen, Prezidentler iki ýurduň we halklaryň, şonuň ýaly-da halkara jemgyýetçiliginiň bähbidine gönükdirilen sazlaşykly hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn...

DOWAMY
pic
24 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY WAJYP MESELELERIŇ BIRNÄÇESINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlýut Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň giň gerimini, şol sanda, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ynanyşmak we açyk häsiýete eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklary barada aýratyn belläp geçdiler. Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmeg...

DOWAMY
pic
20 Mar

“TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN MILLI HALYÇYLYK SUNGATYNYŇ” ADAMZADYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ GÖRNÜKLI SANAWYNA GIRIZILENDIGI HAKYNDAKY ŞAHADATNAMA

Şu gün “Türkmenistanda türkmen milli halyçylyk sungatynyň” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi hakyndaky Şahadatnamanyň asyl nusgasy Türkmenistana gelip gowuşdy. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanda türkmen milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl...

DOWAMY
pic
19 Mar

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TBILISINIŇ MERKEZINDE WIDEOFILM GÖRKEZILDI

2020-nji ýylyň 18-nji martyndan Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy, Tbilisiniň merkezinde, Tbilisi konsert zalynyň öňünde ýerleşdirilen uly monitorda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli wideofilm goýberdi. Wideofilmde Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary, şeýle hem syýasat, ykdysadyýet, senagat, oba hojalygy, medeniýet, sungat we sport ugurlarynda ýetilen uly üstünlikleri görkezilýär.  Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 2020-nji ýyl «Türkmen...

DOWAMY