TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN – BMG: ÖSÜŞIŇ ÄHLUMUMY MAKSATLARYNA ÝETMEKDE HYZMATDAŞLYK
Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň 2019-njy ýyl üçin adam ösüşi boýunça Bütindünýä hasabaty bilen tanyşdyryldy. Foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda hasabatyň esasy netijeleri, soňky 10 ýylda ýurdumyzyň gazanan ösüşi, şeýle hem durnukly ösüşe ýardam etme...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “ÝAŞYL MERKEZI AZIÝA” ATLY ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Berlinde geçirilen “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Maslahatyň işine şeýle hem Germaniýanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi we sebitde howpsuzlygy saklamak, şol sanda, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, biodürliligi gorap saklamak, çölleşmege garşy göreşmek,...
ÝB WE MERKEZI AZIÝA: ÝAŞYL GELJEK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI IŞLER ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLERI
Žozep Borrell Fonteles, ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili / Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti (HR / VP) 2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Merkezi Aziýadan, Owganystandan we Ýewropa Bileleşiginden dostlar Berlinde Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly maslahata gatnaşarlar. Men iki sebäp boýunça bu maslahata çakylygy uly höwes bilen kabul etdim: Birinjiden, howanyň üýtgemeginiň meselesiniň çözülmeginiň neneňsi...
IÝMIT ÖNÜMLERINI SELJERMEK BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ BARLAGHANALARYNYŇ YGTYBARLY IŞLERI HALKARA DEREJEDE YKRAR EDILDI
Indi üç ýyldan gowrak wagt bäri Aşgabatda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi hereket edýär. Onuň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi innowasion kärhana bolup, onuň işi durmuş hem-de biologik şertleriniň il...
Watanymyzyň sebitlerinde täze jaýlar açyldy
Şu gün Watan goragçylarynyň gününde Amyderýanyň boýundaky şäherde Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň gatnaşan dabarasynyň barşynda döredijilik toparlary sazly çykyşlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp e...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaş...
HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YGTYÝARLY WEKILLERINIŇ MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 27–nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň altynjy mejlisi öz işine başlady. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkme...