RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Dek

Gahryman Arkadagymyzyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ÝHHG-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahat...

DOWAMY
pic
12 Dek

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny, Prezident Serdar Berdimuhamedowy we äh...

DOWAMY
pic
12 Dek

Gahryman Arkadagymyz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy mähirli garşylady. Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşurylyp, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda duz-çörek hödür edildi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň gysgaça ikiçäk duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan...

DOWAMY
pic
12 Dek

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabada gelip gonan uçardan düşen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi mähirli garşylady. Goňşy ýurduň Baştutanyna gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň gysgaça ikiçäk duşuşygy boldy. Söhbetdeşler duşuşmaga dörän nobatdaky mümkinçilige tüýs ýürekden begenýändiklerini beýan edip, munuň özara gatnaşyklaryň depginli ösd...

DOWAMY
pic
12 Dek

Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany mähirli garşylady. Belent mertebeli eýranly myhmana ter gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Soňra howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen otagynda türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasy...

DOWAMY
pic
12 Dek

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony mähirli garşylady. Dostlukly ýurduň Baştutanyna gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Prezident Emomali Rahmonyň gysgaça ikiçäk duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip...

DOWAMY
pic
12 Dek

Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi garşylady. Myhmana gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Soňra bu ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystanyň döwlet Baştutanynyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Ber...

DOWAMY