RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Sen

Duşenbe şäherinde GDA-niň DIM-ň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Arkalaşygyň hukuk esasyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge, ynsanperwer hyzmatdaşlygyny geljekde giňeltmäge gönükdirilen 15-den gowrak resminamanyň taslamalaryna garadylar. Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri we Arkalaşygyň çäginde özar...

DOWAMY
pic
27 Sen

TÜRKMEN WEKILIÝETI BMG-DE SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMY BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNA GATNAŞDY

Nýu-Ýorkda geçýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde umumy ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde 26 — 27-nji sentýabrda inçekeseli ýok etmek we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ýokary derejeli iş maslahaty geçdi.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça iş maslahatyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünär ugurly düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.  Ýurdumyzyň wekilleri Baş Assambleýa gatnaşyjylaryň öňünd...

DOWAMY
pic
27 Sen

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GARAŞSYZLYGYMYZYŇ 27 ÝYLLYGY MYNASYBETLI GEÇIRILEN DABARALARA GATNAŞDY

Şu gün Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen bellenildi. Bu baýramçylyk ildeşlerimiziň ählisi üçin eziz Watanymyzyň ykbalynda täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Bu eýýam bolsa ägirt uly üstünliklere, ähli ulgamlarda düýpli özgertmelere beslendi. Ine, indi 27 ýyldan bäri agzybir türkmen halky ata-babalarymyzyň mähriban topragynda parahatçylykly we bagtyýar durmuşda ýaşap hem-de döredijilikli zähmet çekip, şöhratly ata-babalarymy...

DOWAMY
pic
27 Sen

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly baýramçylyk ýörişiniň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň baş meýdanyndaky döwlet münberiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gysga mejlisini geçirdi.  Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan birnäçe meseleleri, şol sanda ýaňy-ýakynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleri iş ýüzünde amala aşyrmak bilen bagl...

DOWAMY
pic
27 Sen

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

Mäh­ri­ban hal­kym!  Eziz wa­tan­daş­lar!  Si­zi Türk­me­nis­ta­nyň mil­li baý­ra­my — tä­ze se­ne­na­ma­my­za la­ýyk­lyk­da «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len 2018-nji ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ryn­da il­kin­ji ge­zek giň­den bel­len­ýän Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Ga­raş­syz­lyk ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň, ag­zy­bir­li­gi­mi­ziň we je­bis­li­gi­mi­ziň berk bin­ýa­dy­dyr.  Ata Wa­ta­ny­my­zyň iň tä­ze ta­ry­hy, hä­zir­ki ö...

DOWAMY
pic
26 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝB WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçip, taraplar energetika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň indiki ädimlerine garadylar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, taraplar Tür...

DOWAMY
pic
25 Sen

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de eden ÇY­KY­ŞY

Hor­mat­ly Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!  Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!  Şu gün biz da­ba­ra­ly ýag­daý­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ge­çir­ýä­ris. Bu wa­ka Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da "Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi" diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da giň­den bel­len­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­my­zyň öň ýa­nyn­da bo­lup geç­ýär.  Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy mer­da­na hal­ky­myz we dün­ýä bi­le­le­şi­gi üçin örän äh­mi­ýet­li t...

DOWAMY