SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «INTERBUDMONTAŽ» ASSOSIASIÝASYNYŇ MÜDIRIÝETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy milli senenamamyzyň şanly senesi – ýurdumyzyň garaşsyz ösüş ýolunda gazanan haýran galdyryjy üstünliklerini alamatlandyrýan Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy bilen mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Watany...
FILIPPO GRANDI: TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNA 863 ADAMYŇ KABUL EDILMEGI BARADAKY ÇÖZGÜT HALKARA DEREJESINDE YKRAR EDILMEGINE MYNASYPDYR
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we ählumumy derejede raýatsyzlyk meselelerini çözmekde möhüm orun eýeleýändigi üçin hoşallyk bildirmek isleýärin. 2011-nji ýyldan soň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 8800-e golaýyna raýatlygyň berilmegi hem-de Siziň 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy aradan aýyrmak baradaky hereketleriň Milli meýilnamasyny makullamagyňyz Siziň bu meseläni çözmäge ygrarlydygyňyza...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «ALTKOMYŇ» DIREKTORLAR GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altkom» maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni hem-de düýn geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adynyň dakylmagy bilen gutlady. Milli Liderimiz ukrainaly işewüri mübärekläp, gutlaglar üçin minnetdarlyk bildi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «RÖNESANS HOLDING» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan köptaraply işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi. «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuh...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hýu Stenli Filpotty kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp mähirli kabul edendigi üçin milli Liderimize Şa zenany Ýelizaweta II hem-de Premýer-ministr Boris Jonsonyň mähirli salamyny ýetirdi. Olar Beýik Britaniýanyň ýurdumyz bilen dostlukly gatnaşyklary mundan...
TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNA KABUL EDILEN ADAMLARA PASPORTLAR GOWŞURYLDY
2019-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, 20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi. Pasportlar 14 milletiň wekillerine gowşuryldy. Raýatlyk alanlaryň ýarsyndan gowragy – aýallar we gyzlar. Dabara...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň “Ruhyýet” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi geçirildi. Maslahata Hökümet agzalary, Mejlisiň başlygy we deputatlary, ýaşulular, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly döwlet edaralarynyň işgärleri, ýurdumyzyň etrapdyr obalarynyň zähmetkeşleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgy...