SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR HALKARA SERGISINE WE «TÜRKMEN SÄHRASY - 2019» ATLY HALKARA AWTOSERGISINE GATNAŞYJYLARA GUTLAG IBERDI
Hormatly halkara sergilerine gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy - 2019» atly halkara awtosergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Gojaman Hazaryň türkmen kenarynda - Türkmenbaşy şäherinde geçirilýän bu giň möçberli we many-mazmuny boýunça ägirt uly ähmiýete eýe bolan çäreler diňe bir Hazarýaka döwletlerinin däl, eýsem gyzyklanma bildirýän...
HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergileriň açylyş dabaralaryna hazarýaka we beýleki ýurtlaryň ýokary derejeli myhmanlary, halkara guramalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sergiler Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde gura...
AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň IRU bilen gatnaşyklarynyň, hususan-da ulag hem-de üstaşyr geçiriji infrastrukturalaryň ösdürilmegi ulgam...
TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ SERGISINIŇ ÇÄKLERINDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp g...
RKMENISTAN WE BOLGARIÝA ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGI MAKSAT EDINÝÄRLER
2019-njy ýylyň 10-njy awgustynda Bolgariýa Respublikasynyň premýer-ministri Boýko Borisowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi. 11-nji awgustda B.Borisow Halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergileriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, myhman bu ýerde häzirki zaman awtosenagat ulgamynyň iň täze gazananlary bilen ýakyndan tanyş boldy. Saparynyň çäklerinde Bolgariýanyň premýer-ministriniň Türkmenistanyň Prezidenti G...
TÜRKMENISTAN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SUBÝEKTLERI BILEN ÖZARABÄHBITLI GATNAŞYKLARY ÖSDÜRÝÄR
2019-njy ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine gelen Kalmykiýa Respublikasynyň baştutanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji B.S.Hasikow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Hususan-da Kalmykiýa Respublikasy bilen söwda-yk...
В АВАЗЕ ОБСУЖДЕНЫ АСПЕКТЫ СОТРУДНИЧЕСТВА НАШЕЙ СТРАНЫ С ВТО И ВСЕМИРНЫМ БАНКОМ
На полях Первого КЭФ ожидается подписание Меморандума о сотрудничестве в области расширения экспортных возможностей Туркменистана между Министерством финансов и экономики нашей страны и входящей в структуру Всемирного банка Международной финансовой корпораций. Об этом шла речь на состоявшейся в НТЗ «Аваза» встрече Министра финансов и экономики Туркменистана Батыра Базарова с Исполнительным директором Всемирного банка Вернером Грубером, прибывшим в нашу страну для участия в Первом Каспийском...