RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutanyny kabul etdi

2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) täze baştutany Natalýa Germany kabul etdi. Olar V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.  Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny a...

DOWAMY
pic
29 Sen

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär. Türkmenistanyň we Russiýanyň  global gün tertibiniň esasy meseleleri bolan bütindünýä parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, halkara terrorçylygyň wehimlerine we ekstremizme garşy durmak, ýaragsyzlanmak we Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça garaýyşlary ýakyndyr. Ýurtlaryň ikisi...

DOWAMY
pic
28 Sen

Olimpiýa stadionynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy boldy

2017-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşmak üçin Olimpiýa stadionyna on müňlerçe tomaşaçylar, sport baýramçylygynyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar ýygnandy. Dünýäniň 82 ýurdundan gelen žurnalistleriň we synçylaryň ýarym müňden gowragy diňe bir ýaryşlaryň netijeleri hakynda däl, eýsem, Türkmenistan, onuň...

DOWAMY
pic
17 Sen

Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa Oýunlary dabaraly ýagdaýda açyldy

2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň görnükli döwlet işgärleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmaklarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň ýanyna geldi. Edaranyň...

DOWAMY
pic
16 Sen

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň geçýän döwründe Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen bilelikdäki Türkmenistanyň we Braziliýanyň “Bosgunlaryň olimpik ýygyndysynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça gymmatly goşandyny höweslendirmek boýunça” ýüzlenmesi, dünýäniň köp sanly adam hukuklary çygryndaky daşary ýurt hökümet we halkara bilermenleri tarapyndan goldaw tapdy.     Şunuň bilen, ABŞ-niň Ženewa...

DOWAMY
pic
12 Sen

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary –halkara neşir bäsleşiginiň ýeňijileri

Otuzynjy Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde GDA döwletleriniň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistan tarapyndan bäsleşige hödürlenilen kitaplaryň dördüsi hem ýokary baýraklara mynasyp boldy. Şu ýyl “Kitap sungaty” bäsleşiginiň baýraklary ugrunda on ugur boýunça 87 neşir bäsleşdi. Türkmen neşirýatçylary eýýäm birnäçe gezek ýeňiji bolupdylar we aýry-aýry ugurlarda baýrakly orunlary eýeläpdiler. Emma ýurdumyzyň döwlet neşirý...

DOWAMY
pic
12 Sen

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşmaga taýýarlanýar

2017-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň,...

DOWAMY