RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Sen

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşmaga taýýarlanýar

2017-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň,...

DOWAMY
pic
9 Sen

AŞGABAT 2017 BOÝUNÇA SANLY MAGLUMATLAR

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 16-njy sentýabrda badalga alar. Ýaryşyň birinji gününde Oýunlaryň medal gowşurylyş dabaralarynyň ilkinjileri (türkmen milli göreşi we jiu-jitsu boýunça) we ertesi güni, ýagny 17-nji sentýabrda Oýunlaryň açylyş dabarasy geçiriler. Yklymda geçirilýän iň uly sport çäreleriň biri bolan Aşgabat 2017 barada maglumat taýýarlananda, gurluşyk we infrastruktura, iýmit üpjünçiligi, Aziýada we Okeaniýadan geljek türgenleri ýerleşdirmek boýunça gör...

DOWAMY
pic
2 Sen

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatnamalary boýunça Ylmy-usulyýet merkezi açyldy

2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Durnukly ösüşiň wezipeleri boýunça ylmy-metodiki merkeziň açylyş dabarasy boldy. Merkezi açmak we institutyň täze düzümini kesgitlemek boýunça degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Dabara Türkmenistanda ýerleşýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler min...

DOWAMY
pic
31 Awg

Owganystanyň Mazari-Şerip şäherinde türkmen-owgan söwda öýi açyldy

2017-nji ýylyň 28-nji awgustynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Balh welaýatynyň Mazari-Şerip şäherinde «Türkmenistan» ady bilen türkmen- owgan söwda öýi dabaraly ýagdaýda açyldy. Söwda öýüniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerinden, türkmen işewürlerinden hem-de türkmen teleýaýlymynyň habarçylaryndan düzülen wekiliýet agzalary geldiler.   Bu çärä owgan tarapdan Samangan welaýatynyň häkimi Kerim Haddam, Balh welaýatynyň häki...

DOWAMY
pic
29 Awg

Türkmenistanyň ýaragsyzlanmak we howpsuzlyk meseleleri boýunça syýasaty

Türkmenistanyň daşary syýasy ideologiýasynyň özeni ählumumy howpsuzlygyň berk we uzakmöhletleýin ulgamyny döretmekde harby däl, syýasy-diplomatik gurallar bilen hemmetaraplaýyn ýardam bermek bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlenilip taýýarlanylan howpsuzlyk düşünjesiniň bölünmezligi konsepsiýasy, häzirki zaman syýasy ylmyna uly goşant bolmagy bilen, şu günki gün Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmekde amaly esasy bolup çykyş edýär. Şu ýerde biziň ýurd...

DOWAMY
pic
25 Awg

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistana resmi sapary

2017-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda resmi sapar bilen geldi. Ýerewanyň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli türkmen myhmanyny Ermenistanyň ýokary derejeli resmi wekilleri garşyladylar. Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtomobil kerweni saparyň dowamynda Türkmenistanyň Baştutanynyň  kabulhanasy bolan döwrebap  “Radisson Blu” myhmanhanasyna geldi. 24-nji awgustda irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurban...

DOWAMY
pic
22 Awg

Türkmenistanyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalary-Ginnesiň rekordlar kitabynda

?Guinness World Records» kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça iň irisi hökmünde bellige aldylar. Olary tassyklaýan güwänamalara laýyklykda, ekologiki taýdan iň arassa serişdeler ulanylyp gurulan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalar we paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti...

DOWAMY