img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Okt

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, dünýä sportunda görnükli wakalaryň birine öwrülen bu iri ýaryşlara taýýarlygyň derejesine ýokary baha berdi. Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutany pursatdan peýdalanyp, öz kärdeşine Aziadanyň ajaýyp guralandygy, şol sanda bu iri ýaryşlara gatnaşan owgan türgenleri üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi, olara mähirliligiň we myhma...

DOWAMY
pic
5 Okt

Türkmen wekiliýeti BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşdy

2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-6 aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine türkmen wekiliýeti gatnaşdy. 2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda, dünýä jemgyýeti tarapyndan gün tertibinde duran bosgunlar bilen bagly aktual meseleleriň biri bolan işiniň...

DOWAMY
pic
3 Okt

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.  Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-yň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň ýanyndan uzalyp gidýän haly ýodasynyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly nyzama düzüldi.  Russiýanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni howa menzilinden motosiklçileriň hormat garawulynyň ugratmagynda...

DOWAMY
pic
2 Okt

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň hem wekiliýeti gatnaşýar. BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissary F.Grandi giriş sözi bilen çykyş edip, “olimpiýaçy bosgunlara” goldaw bermegi BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Müdirligi öz hereketiniň bir ugry hökmünde kesgitländigini belle...

DOWAMY
pic
29 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutanyny kabul etdi

2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) täze baştutany Natalýa Germany kabul etdi. Olar V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.  Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny a...

DOWAMY
pic
29 Sen

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär. Türkmenistanyň we Russiýanyň  global gün tertibiniň esasy meseleleri bolan bütindünýä parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, halkara terrorçylygyň wehimlerine we ekstremizme garşy durmak, ýaragsyzlanmak we Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça garaýyşlary ýakyndyr. Ýurtlaryň ikisi...

DOWAMY
pic
28 Sen

Olimpiýa stadionynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy boldy

2017-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşmak üçin Olimpiýa stadionyna on müňlerçe tomaşaçylar, sport baýramçylygynyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar ýygnandy. Dünýäniň 82 ýurdundan gelen žurnalistleriň we synçylaryň ýarym müňden gowragy diňe bir ýaryşlaryň netijeleri hakynda däl, eýsem, Türkmenistan, onuň...

DOWAMY