SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Durnukly ösüş üçin suw” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdiler. Türkmen we pakistan halklaryny birleşdirýän dostlugyň mizemezligi, çuňňur taryhy kökler, medeniýetleriň ýakynlygy şol gatnaşyklaryň mäkäm binýa...
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany bilen duşuşdy
“Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýerde Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Baştutany Abdulla Abdulla bilen duşuşdy. OYR-nyň ýokary wezipeli wekili duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Ganiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollady. Be...
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik paýtagtynda geçirilýän “Durnukly ösüş üçin suw ” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Dostlukly döwletleriň baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmak hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bild...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ASTANADA GDA GATNAŞYJY ÝURTLARYŇ DÖREDIJILIK WE YLMY INTELLIGENSIÝASYNYŇ XIII FORUMYNA GATNAŞÝAR
2018-nji ýylyň 19-njy iýunynda Astanada Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIII forumy işläp başlady. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. “GDA-nyň çäklerinde gatnaşyklar — XXI asyrda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi” her ýyl geçirilýän duşuşygyň esasy meselesi boldy. GDA döwletleriniň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde guralan çäre görnükli medeniýe...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANYLDY
2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine (ECOSOC) 2019-2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (ECOSOC) - Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzümleriniň biri bolup, ykdysady, durmuş ulgamlarynda, saglygy goraýyş we bilim pudaklarynda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we düzümleriniň işi...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ TÄZE WEKILI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasynyň täze bellenilen direktory doktor Paulina Karwowska bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda täze bellenilen direktor saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmen tarapy dürli keselleriň meseleleri boýunça Türkmenistanyň we BSG-niň hyzmatdaşlygyna oňyn baha berdi we bu abraýly ha...
Ylymlar güni mynasybetli halkara forum
Türkmen paýtagtynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe gabatlanylan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly iki günlük halkara forum öz işine başlady. Maslahata ýaş türkmen alymlaryndan, mugallymlaryndan başga-da, 30-dan gowrak ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleri, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Ba...