TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo we ýurduň ähli halkyna Finlýandiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Finlýandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Türkmen...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAPAR BILEN KATAR DÖWLETINDE BOLDY
2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TAILANDYŇ PATYŞASYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna we ýurduň ähli halkyna Tailandyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Maha Wajiralongkorna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Tailand Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan tekl...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HMG-NIŇ GEŇEŞINIŇ 113-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY
29-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Halkara Migrasiýa Guramanyň (HMG) Geňeşiniň 113-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär. Bu geňeşiň sessiýasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy, migrasiýa we ilatyň göçmegi ýaly hadysalaryň özara...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝUNESKO-NYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNY GORAMAK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA KOMITETINIŇ MEJLISINE GATNAŞMAGY
2022-nji ýylyň 27-nji noýabryndan 3-nji dekabry aralygynda Marokkonyň Rabat şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji sessiýasy geçirilýär. Mejlise 180 gatnaşyjy ýurduň, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, medeniýet edaralarynyň we dünýäniň ähli döwletlerinden beýleki gyzyklanýan taraplarynyň wekilleri gatnaşýar. Sessiýada türkmen tarapyna Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili M.Çaryýew we...
EÝRANYŇ ENERGETIKA MINISTRI BILEN DUŞUŞYK BARADA
2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda eýran wekiliýetiniň ýolbaşçysy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti bilen hem-de Türkmenistanyň Hökümetinde duşuşyklaryň geçirilendigini belledi we olarda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň giň mese...