TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA OLIMPIÝA OÝUNLARYNDA MEDAL GAZANAN TÜRKMENISTANYŇ ÝEŇIJISINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün, 21-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň At gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan ýurduň türgeni - Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. 59 kg çenli agram derejesinde türkmen türgeni silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşyň je...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlis başlanmazdan öň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de käm...
TÜRKMEN LIDERI TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA MINISTRINI BELLEDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Hajymuhammet Rejepmyradowy Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Saparowy Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary wezipesine belledi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, wise-premýer Çarymyrat Purçekow Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. Türkmen Lideri Türkmenistanyň energetika ministrini belledi (turkmenistan.gov.tm)
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ MERKEZI EDARASYNYŇ GURLUŞY TASSYKLANYLDY
?Diplomatik gulluk hakynda» we «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy. Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizme...
BALKAN KÄN MÜDIRLIGINE «TÜRKMEN KAOLIN» AGPJ-NI DÖRETMÄGE ESASLANDYRYJY HÖKMÜNDE GATNAŞMAGA YGTYÝAR BERILDI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda gurluşyk we senagat pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirligine – esaslyk maýadaky...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MEDENI HYZMATLARYŇ AMALA AŞYRYLMAGYNY DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK HAKYNDAKY DÜZGÜNNAMANY TASSYKLADY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpasyrlyk milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň özboluşlylygyny, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak, aýdymçylar, sazandalar, tansçylar, alyp baryjylar, şeýle hem beýleki sungat işgärleri we döredijilik toparlary tarapyndan Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hem-de bu hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmek maksady bilen, şeýle hem «Medeniýet...
ERTEKILER DÜNÝÄSINDE
Paýtagtyň 72-nji çagalar bagynyň çagalary üçin bu gün üýtgeşik gün boldy – olara A.S.Puşkin adyndaky Döwlet drama teatrynyň artistleri myhman geldiler. Olar kiçijek tomaşaçylara sowgat hökmünde teatryň repertuaryndaky çagalar üçin iň gowy oýunlaryň birini – «Maşa we aýy» rus halk ertekisini getirdiler. Söýgüli gahrymanlar, owadan reňkli bezegler, maýyl ediji saz – ähli hereket çagalar bagynyň meýdançasynda bolup geçýär. Howul-hara gurlan sahnada çagalaryň gurşawynda edilen çykyş aýratyn öwüşg...