TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
GAPLAŇGYRLY BALIÝER
Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň «Gyzyl kitaba giren» ýaşaýjylaryndan biri-de baliýerdir. Samyrlar maşgalasynyň bu wekilini hünärmenleriň köpüsi dünýäde gorky-ürküni bilmeýän süýdemdirijileriň biri hasaplaýarlar. Onuň bedeni muskully, ys duýgusy güýçli, häsiýeti bolsa gyzma. Şu häsiýetleri-de oňa awuny tiz tapmaga we özünden uly haýwanlar bilen çekinmän çaknyşmaga mümkinçilik berýär. Baliýer diňe bir gaty ýeri gazmak bilen çäklenmän, eýsem gyrymsydyr beýleki agaçlara çalt dyrmaşmagy-da başarýar....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY
Şu gün, 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapar başlandy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy geçiriler. Ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen-özbek ykdysady forumy geçiriler. Oňa iki döwletiň döwlet we...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ M.G.TAGANOW HAKYNDA PERMANY
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin: ýustisiýanyň uly geňeşçisi Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganowy Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 4-nji oktýabry. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.G.Taganow hakynda (turkmenistan.gov.tm)
ÖZBEGISTANYŇ PAÝTAGTYNDA TÜRKMEN-ÖZBEK YKDYSADY FORUMY GEÇIRILDI
Türkmen-özbek ykdysady forumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Daşkentde geçirildi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň esasy ykdysady ministrlikleriniň we müdirlikleriniň, şeýle hem telekeçilik düzümleriniň ýolbaşçylary, wekilleri iki goňşy döwletde senagat, energiýa, oba hojalygy we ulag pudagyna maýa goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysady forumyň barşynda Türkmenistan we Özbegistan wekiliýetleriniň agz...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 9 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere g...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hossein Amir Abdollahian bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynd...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW SAGLYK ÝOLUNY GEÇDI WE WELOSIPEDLI GEZELENÇ ETDI
Dynç güni säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy. Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaklarynda möhüm orun eýeleýär. Halkyň abadançylygy, onuň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek bar...