TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary as...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI OMANYŇ SOLTANYNA YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 17-nji fewralynda Oman Soltanlygynyň Soltanynyň resmi oturýan ýeri bolan «Al Baraka» köşgünde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi O.Çaryýewyň Omanyň Soltany Haýsam bin Tarek Al Saide Türkmenistanyň Oman Soltanlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Omanyň Soltany bilen duşuşy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny döwlet Baştutanymyza ýetirdi. Goňşy ýurduň Baştutany milli Liderimize hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Dostlukly döwletiň D...
DIPLOMATIK ÝOKARY OKUW MEKDEBINDE TÜRKMEN-ÖZBEK DUŞUŞYGY
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda şahyr-filosof hem-de görnükli döwlet işgäri Zahiriddin Muhammad Baburyň doglan gününiň 538 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn-duşuşyk geçirildi. Onuň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň gaznasyna girdi. Duşuşyga iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Şu günki wideoduşuşyk doganlyk türkmen-özbek gat...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Aşgabada iş sapary bilen geldi. 17-nji fewralda saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Şeýle hem saparyň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Dipl...
PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI ÖZÜNIŇ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi. Duşuşygyň başynda Ilçi Irfan Ahmed täze ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen bagly gutlaglary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşant goşjakdygy barada ynandyrdy. Duşuşygyň dowamynda tara...
TÜRKMENISTANYŇ UNESCO BILEN HYZMATDAŞLYGY TÄZE MAZMUN BILEN BAÝLAŞDYRYLÝAR
2021-nji ýylyň 11-12-nji fewralynda UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär kätibi Çynar Rüstemowamyň UNESCO-nyň Tähran şäherindäki edarasynyň ýolbaşçysy Swetan Swetkowski we UNESCO-nyň Almaty şäherindäki Sebitleýin merkeziniň direktory Krista Pikkat bilen onlaýn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda taraplar Türkmenistan bilen UNESCO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bildirdiler. Özara hereketler bilen bagly häzirki meselelere...