TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MASLAHATYNDA BEÝAN EDEN BAŞLANGYÇLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEKLIGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda beýan eden başlangyçlaryny durmuşa geçirmeklige bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, syýasatşynaslar, Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalaryň we Ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary,...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ IRIB TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisine (ABU) gatnaşmak üçin iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň IRIB teleradiokompaniýasynyň prezidenti doktor Abdolali Ali Askari bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we ikitaraplaýyn hy...
TÜRKMEN LIDERI ABU-NYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) baş sekretary Jawad Mottagini, ABU-nyň prezidenti, Hindistanyň Doordarşan döwlet teleýaýlymynyň baş direktory hanym Supriýa Sahuny hem-de ABU-nyň wise-prezidenti, Ýaponiýanyň teleradiogepleşikler korporasiýasynyň prezidenti (NHK) jenap Rioiçi Uedany kabul etdi. Myhmanlar döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, dünýäde dürli ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen özün...
ABU TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SEBITDE KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINIŇ ÖSDÜRILMEGINE GOŞAN AJAÝYP GOŞANDYNY SYLAGLADY
Duşuşyk tamamlanandan soň, Mejlisiň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin Güwänamany, baýragy we ýadygärlik nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy. ABU-nyň Baş sekretaryna söz berildi, ol milli Liderimizi we ýygnananlaryň hemmesini Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasyn...
TÜRKMENISTANDA AZIÝA — ÝUWAŞ UMMAN TELERADIOGEPLEŞIKLER BIRLEŞIGINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR
Türkmen paýtagtynda Aziýa —Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Aşgabatda şeýle wekilçilikli halkara forumyň geçirilmegi halkara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýeleýän hem-de sebit we ählumumy derejede abadançylygyň durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen syýasaty yzygiderli alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünliklere bes...
PAÝTAGTYMYZYŇ “SPORT” MYHMANHANASYNDA BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň sport syýasatyna hem-de 2018-nji ýylyň 28-nji oktýabry – 10-njy noýabry aralygynda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzda a...
“ALTYN ASYR” ILKINJI GEZEK AFK-NYŇ KUBOGYNYŇ FINALYNDA OÝNAR
Aşgabadyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň “April 25” toparyny geçirilen iki duşuşygyň netijeleri boýunça ýeňip, ilkinji gezek AFK — 2018-iň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykdy. Iki hepde mundan ozal Phenýanda geçen ilkinji oýun 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Şu gün “Köpetdag” stadionynda geçirilen jogap duşuşygynda garşydaşlar ýene-de ýeňijini belli etmediler — hasap 1:1 tamamlandy. Ýöne, myhmançylykda geçirilen pökgüleriň sanynyň köp bolmagyn...